Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2019

Bagdadyň bazarynda amala aşyrylan hüjümde sekiz adam öldi

0
Bagdadyň Sadr sebitindäki bazarlaryň birinde janyndan geçeniň amala aşyran bombaly hüjüminde azyndan sekiz adam öldi, başga-da 15-isi ýaralandy.


Ýerli polisiýa wekiliniň beren maglumatyna görä, janyndan geçen Jamila bazarynda, uly märekäniň arasynda özüni partladypdyr.


Hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremistiki topary öz üstüne aldy.


Hüjüm ýerli wagt bilen gije sagat dokuzlar töweregi, ýagny musulmanlaryň agzaçardan soň, köçelere çykan pursady amala aşyryldy.


Bagdatda ençeme ýyllap dowam eden gazaplylykdan soň, häzir howpsuzlyk ýagdaýlary göz-görtele gowulandy. Şol bir wagtda, ganly terror hüjümleri hem wagtal-wagtal ýüze çykýar.


ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky Günbataryň harby koalisiýasy ýerli esgerlere hemaýat bermek üçin Yrakda özüniň söweş maksatlaryna niýetlenmedik güýçlerini saklaýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса