Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2019

Ýewropanyň daşary işler ministrleri Eýranyň ýadro ylalaşygyny maslahat edýärler

0
Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň daşary işler ministrleri, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Eýran bilen dünýäniň iri döwletlerinň arasynda baglaşylan Ýadro ylalaşygyny saklap galmagyň ýollaryny maslahat etmek üçin, Brýusselde duşuşýarlar.


Geçen hepde Eýran, eger-de dünýä güýçleri Tährany ABŞ-nyň sanksiýalaryndan gorap bilmeseler, onda 2015-nji ýylda baglaşylan ylalaşyk bilen baglylykda öz üstüne alan käbir borçnamalaryndan el çekip biljekdigi bilen haýbat atdy.


Geçen ýyl ABŞ ylalaşykdan çykyp, Eýrana garşy sanksiýalary ýaňadandan girizeninden soň, Waşington bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklar has-da dartgynlaşyp başlady.


2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygy Eýrana öz ýadro programmasyny jylawlamagyň ýerine sanksiýalardan boşamak mümkinçiligini beripdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса