Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2019

Ak Tamyň Eýran babatyndaky harby planlaryna täzeden garaýandygy aýdylýar

0
Ak Tam, Eýranyň ABŞ-nyň güýçlerine garşy edip biljek hüjümi we ýadro ýaragyny edinmek ugrundaky tagallalaryny artdyrmak ähtimallygy çäginde, Ýakyn Gündogara goşmaça 120 müň esgerini ugratmak harby planlaryna garaýar diýip, The New York Times neşiri maglumat berýär.


Neşiriň administrasiýadaky anonim bir çeşmä salgylanyp berýän maglumatyna görä, goranmak sekretarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Patrik Şanahan (Patrick Shanahan) bu baradaky planlary geçen hepde prezident Donald Trampyň ýokary derejeli howpsuzlyk resmileri bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda mälim edipdir.


Maglumatda planyň Eýranyň ýerlerini basyp almaga çagyrmaýandygy nygtalýar.


Ak Tam we Pentagon häzirlikçe bu maglumat dogrusynda hiç hili kommentariýa bermediler.


Bu habar Waşington bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýitileşen döwrüne gabat geldi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса