Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2019

Saud patyşasy ýokarlanýan dartgynlyklar arasynda gyssagly arap sammitine çagyrýar

0
Saud Arabystany öz arap ýaranlaryny şu aýyň aýagynda öz ýük gatnadýan we nebit öndürýän ýerlerine golaýda edilen hüjümleri maslahatlaşmak üçin iki sany gyssagly duşuşyga çagyrdy.


Bu çagyryş patyşalygyňsebitdäki bäsdeşi Eýran bilen aradaky dartgynlyklarynyň güýçlenýän wagtyna gabat geldi.


Saud patyşasy Salman 18-nji maýda Aýlak hyzmatdaşlyk geňeşiniň we Arap ligasynyň liderlerini 30-njy maýda Mekgede adatdan daşary duşuşyga çagyrdy.


Saudly we beýleki resmiler bu duşuşykda Birleşen Arap Emirlikleriniň kenarlarynda dört kommersiýa gämisine edilen hüjümiň we Riýadyň golaýyndaky nebit öndürilýän ýerlere edilen dron hüjümleriniň ara alnyp maslahatlaşyljagyny aýdýarlar.


Eýran özüniň bu gämilere edilen hüjüme dahyllydygyny ret etdi. Ýemende ýerleşýän huti pitneçiler, Tähran tarapyndan goldanylýan topar, Saud Arabystanyna edilen dron hüjümleriniň jogapkärçiligini öz boýnuna aldy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса