Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2019

Ermeni sudy ozalky prezident Koçarýanyň deslapky tussaghanadan boşadylmagyny buýurdy

0
Dawaly sebit bolan Dagly-Garabagyň ozalky we häzirki liderleri şahsy kepilliklerini berenlerinden soň, Eramnistanyň ozalky prezidenti Robert Koçarýan deslapky tussaghanadan boşadyldy.


Koçarýan şu aýyň başynda 2008-nji ýylyň aprelinden soňlanan on ýyllyk prezidentliginiň soňky hepdelerinde konstitusiýa gurluşyny bozmakda aýyplanyp suda çekildi.


Ýerewan sudy 18-nji maýda, dekabrda tussag edileli bäri deslapky tussaghana saklanylýan 64 ýaşyndaky Koçarýanyň, Dagly-Garabagyň liderleriniň kepillginden soň, azatlyga goýberilip biljekdigini aýdy.


Dagly-Garabagyň liderleri onuň sud diňlenişigi gaýdadan başlanda, suda geljekdigine kepil geçdiler. 


Koçarýan goşundaky esgerlere 2008-nji ýylyň fewralynda geçirilen prezident saýlawlarynda ýol berildi diýilýän galplyklara garşy protest bildirýän oppozisiýa goldawçylaryna gaşy güýç ulanmak barada bikanun görkezme bermekde aýyplanýar.


Ol özüne garşy bildirilýän aýyplary ret edip, olaryň syýasy äheňlidigini öňe sürýär.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса