Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2019

Pakistanda öldürilen on ýaşly gyz üçin üç erkek tussag edildi

0
Pakistan häkimiýetleri ar almak üçin on ýaşly gyzy alyp gaçmakda we öldürmekde güman edip, üç erkegi tussag edendiklerini aýdýarlar.


Yslamabat polisiýasynyň sözçüsi Khalid Awan 22-nji maýda bu işiň geleňsizlikde güman edilip hasaba alnan dört polisiýa ofiserini hem öz içine alýandygyny aýtdy.


Bu jenaýat işi çagalara garşy edilýän jenaýatlaryň adaty zada öwrülen we jenaýatkärleriň köplenç jezasyz gutulýan ýeri bolan Pakistanda köçe protestlerine we ýurt boýunça ýazgaryş edilmegine alyp geldi.


Ogurlanan gyz Fariştäniň harlanan jesedi ol 15-nji maýda ýaşaýan Şahzad şäherçesinden ýitirim bolandan dört gün soňra, paýtagtyň eteginden tapyldy. 


Pidanyň kakasy Ghulam Nabi polisiýa ofiserleriniň çagany derhal gözläp başlamandyklaryny öňe sürýär we baryp aýdanda,olaryň özüne nädogry çemeleşendigini aýdýar.


Ýüzlerçe adam, köpüsi paştun, Yslamabatda adalat talap edip, proteste çykdy. Polisiýa indi bu gyzyň zorlanandygyny we gynalandygyny anyklamak üçin derňew geçirýär.

Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса