Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2019

Owganystana gelen sil soňky 48 sagatda 24 adamy öldürdi

0
Owganystanyň köp ýerine ýagan ýagyş netijesinde gelen sil soňky 48 sagatda azyndan 24 adamy öldürdi, 11 adamy ýaralady diýip, resmiler 25-nji maýda aýtdylar.


Adatdan daşary ýagdaýlar we ynsanperwerçilik meseleleri ministrliginiň maglumatyna görä, sil Owganystanyň 34 welaýatynyň altysyna, şol sanda paýtagt Kabula hem täsir ýetirdi.


Merkezi Bamýan welaýatynyň Şeber etrabynda suw derejeleriniň galmagy netijesinde 500 çemesi adamyň halas edilendigi habar berdildi.


AP habar gullugynyň maglumatyna görä, sil suwlary soňky iki günde 220-den gowrak jaýy ýykdy.


Şu ýylda häzire çenli agyr ýagan ýagyşlar we sil basmalary netijesinde 150 çemesi adam öldi, dürli welaýatlarda jaýlar ýykyldy diýip, owgan resmileri aýtdylar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса