Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2020

Новости за 07.01.2020

Eýranyň Rewolýusiýa goragçylary ABŞ-nyň goldaýan sebitlerini ‘oda berjekdigi’ bilen haýbat atýar

Azathabar.com 

Eýranyň Rewolýusiýa goragçylary korpusynyň ýokary derejeli komandiri, geçen hepde Birleşen Ştatlaryň zarbasy netijesinde ýokary derejeli eýranly generalyň öldürilmegine jogap hökmünde, ABŞ-nyň goldaýan aýdyňlaşdyrmadyk nyşanalaryny “oda berjekdigi” bilen haýbat atdy. General-maýor Hossein Salami bu barada 7-nji ýanwarda öldürilen general Kasem Suleýmaniniň Karem şäherinde geçirilen jynazasyna ýygnanan müňlerçe adamyň öňünde çykyş etdi. Eýranyň döwlet telewideniýesiniň maglumatyna görä, jynazada dörän basa-baslykda azyndan 30 adam ölüpdir. Читать дальше...

Eýranly amerikalylar ABŞ-Kanada serhedinde ençeme sagat sorag edilendigini aýdýarlar

Azathabar.com 

Graždan hukuk jemgyýetleri, resmiler we kanunçykaryjylar geçen hepde soňy Kanadadan ABŞ-a dolanan onlarça eýranlynyň we eýranly amerikalynyň ençeme sagatlap soraga çekilendigi baradaky maglumatlar boýunça arza bilen ýüz tutdular. Bähbit aramaýan Amerikan-Yslam gatnaşyklary geňeşiniň Waşingtondaky şahamçasynyň maglumatyna görä, Waşington ştatynyň Kanada bilen serhedinde 60 töweregi dürli ýaşdaky eýranly we eýranly amerikaly 10 sagada golaý wagt saklanyp, syýasy garaýyşlary ýaly meseleler boýunça sorag edilipdir. Читать дальше...

Pentagon uruş döwrüniň kanunlaryna eýerjekdigini aýdýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň goranmak sekretary Mark Esper Birleşen Ştatlaryň harbylarynyň Eýranyň medeni ähmiýetli sebitlerine zarba urmajakdygyny aýtdy. Mundan öň, prezident Donald Tramp bu ýerleriň hem nyşana alynjakdygy bilen haýbat atypdy. “Biz ýaragly konfliktiň kanunlaryna eýereris” diýip, Esper 6-njy ýanwarda Pentagonda gurnalan brifingde aýtdy. Trampyň Eýranyň medeni ähmiýetli sebitleriniň hem nyşana alnyp bilinjekdigi baradaky haýbaty Eýranda we onuň daşynda aladalanmalary döretdi. Human Rights Watch guramasy munuň uruş jenaýaty boljakdygyny aýtdy. Читать дальше...

Berdimuhamedow nobatdaky kadr çalşygyny geçirdi

Azathabar.com 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy ýanwarda Ministrler kabinetiniň başlygynyň oba hojalyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary,  bäş welaýatyň we paýtagtyň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirip, “işde goýberen kemçilikleri üçin” diýen kesgitleme bilen etrap häkimleriniň sekizsini, orunbasarlarynyň hem bäşisini işden boşatdy.     Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda, "işde goýberen kemçilikleri" üçin: Kürtow Kakamyrat Begençmyradowiç Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Читать дальше...

Ukraina Awstraliýadaky ýangynlar bilen göreşmek üçin 200 halas edijini ugratmaga taýýardygyny aýdýar

Azathabar.com 

Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakow Awstraliýadaky ýangynlar bilen göreşmek üçin 200 halas edijini ugratmaga taýýardygyny aýtdy. 6-njy ýanwarda Facebook hasabynda ýerleşdirilen ýazgyda ukrain ýangyn söndürijileriniň islendik pursady ugradylmaga taýýardygy we Kiýewiň Awstraliýanyň bu baradaky kararyna garaşýandygy bellenilýär. Mundan öň, Ukrainanyň Daşary işler ministrligi Kiýewiň Awstraliýa hemaýat bermäge taýýardygy barada beýanat ýaýradypdy. “Awstraliýadaky ýangynlar ukrainlary biparh goýmaýar. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Анна Калинская

Калинская проиграла Свитолиной и не смогла выйти в 1/8 финала турнира в Риме






Создатель батальона "Вега" Панфёров обратился к новому министру обороны России

Дептранс Москвы: Садовое кольцо перекроют 18 мая из-за велофестиваля

Зарема Салихова об игре Угальде в "Спартаке": куда пропали 15 миллионов

Появились слухи об интересе европейского футбольного гранда к котласскому нападающему