Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2020

Новости за 11.01.2020

Hepdäniň jemi #2 (11.01.2020 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlara giden zähmet migrantlaryny yzyna ýygnamak mümkinçilikleri, owgan türkmenleriniň internet tilsimleri arkaly özara kömek işlerini gurnaýyşlary, bu işiň netijeleri baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Omany 50 ýyl dolandyran soltan ýogaldy, yzynda nesil galmady

Azathabar.com 

Döwlet mediasy Pars aýlagy ýurdy Omany 50 ýyla golaý dolandyran soltan Kabusyň 79 ýaşynda aradan çykandygyny habar berdi. Döwlet eýeçiligindäki Oman habar agentligi 1970-nji ýylda gansyz köşk agdarylyşygy netijesinde öz kakasyny tagtdan agdaran soltan Kabus bin Saidiň 10-njy ýanwar güni giçlik ýogalandygyny aýtdy, emma ölümiň sebäplerini aýdyňlaşdyrmady. Häkimiýeti kolonial güýç bolan Britaniýanyň kömegi bilen eýelän Kabus Günbataryň ýakyn ýarany boldy. Ol iň uzak ýurt dolandyran arap soltany... Читать дальше...

Pakistan metjidinde bolan partlama 15 adamy, şol sanda polisiýa ofiserini öldürdi

Azathabar.com 

Pakistanyň günorta-günbataryndaky Kwetta şäherinde, janyndan geçen bombaçynyň hüjümi netijesinde, baýry polisiýa ofiseri we 14 adam öldürildi diýip, resmiler aýtdy. Bulujystan welaýatynyň içeri işler ministri Ziaullah Langove 10-njy ýanwarda, welaýat paýtagty Kwettada bir metjitde namaz wagtynda bolan partlamada 19 adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy. Ýaralylaryň käbirini ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar. Langovebombaçynyň öz bedenine berkiden partlaýjysyny dindarlaryň arasynda partladandygyny aýtdy. Читать дальше...

Gyrgyzystana žurnaliste edilen hüjümi doly derňemek basyşy edilýär

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlar hem metbugat azatlygy gözegçilerine goşulyp, gyrgyz häkimiýetlerini şu hepde korrupsiýa meselelerini beýan edýän bir derňew websaýtynyň baş redaktoryna edilen hüjümi çalt we doly derňemäge çagyrdy.  ABŞ-nyň Bişkekdäki ilçihanasy 9-njy ýanwarda “FactCheck” websaýtynyň redaktory Bolot Temirowa garşy gurnalan hüjümi ýazgaryp çap eden beýanatynda “Metbugat diňe žurnalistler howp-hatarsyz we gorkuzylman işläp bilen wagtynda zat bolup biler” diýdi. Şondan bir gün öň, Temirow paýtagt Bişkege... Читать дальше...

Gyrgyzystan täjik serhedindäki hadysadan soň hüşhgärligi ýokarlandyrýar

Azathabar.com 

Gije bolan atyşyk hadysasyndan soň, Gyrgyzystanyň premýer-ministri Mukhammedkalyi Abylgaziew Täjigistan bilen aradaky serhediň boýunda howpsuzlyk çärelerini pugtalandyrmagy buýurdy. Gyrgyz Serhet goragy gullugy 10-njy ýanwarda beýanat çap edip, serhediň täjik tarapyndan ok atylandygyny aýtdy. Regional häkimiýetler bu çaknyşygyň bolan ýeriniň golaýyndaky Damkha obasyndan 254 gyrgyzy, şol sanda 139 çagany başga ýere göçürendiklerini aýtdylar. Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi, adam heläkçiligi barada habar berilmedik hadysa sebäpli... Читать дальше...

Gürjüstanyň bölüniji sebiti Abhaziýada ‘prezident saýlawlarynyň’ netijeleri ýatyryldy

Azathabar.com 

Gürjüstanyň bölüniji regiony bolan Abhaziýanyň de-fakto Ýokary sudy geçen ýyl geçirilen “prezident saýlawlarynyň” netijelerini ýatyryp, ses berişligi täzeden geçirmegi buýurdy. Öz-özlügindäki sudýalar 10-njy ýanwarda aşakky suduň sentýabrda geçirilen “prezident saýlawlarynda” Raul Khajimba ýeňdi diýen kararyny ýatyrmaly etdiler. Bu karar oppozisiýanyň prezidentlige kandidaty bolan Alkhas Kvitsinianyň eden şikaýatyndan soň kabul edildi. De-fakto Ýokary sud saýlaw häkimiýetleriniň täze saýlaw senesini bellemeklerini buýurdy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Рафаэль Надаль

Легечка обыграл Надаля и сыграет с Медведевым в 1/4 финала «Мастерса» в Мадриде






Монтаж эскалаторов на строящейся станции Московского метрополитена Фрунзенская, 10 февраля 1957 года, Москва

Исполнители гособоронзаказа в Сергиевом Посаде получили до десяти лет лишения свободы по коррупционному делу

Синоптик Тишковец: слабые заморозки ожидаются в Москве в ночь на 4 мая

Бьюти-эксперт Рия Горбунова: 5 самых модных причесок этого лета