Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2020

Новости за 02.09.2020

German hökümeti: Barlag Nawalnynyň ‘Nowiçok’ bilen zäherlenendigini görkezýär

Azathabar.com 

German hökümeti rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnydan alnan gan nusgalarynda geçirilen barlaglarda “Nowiçok” nerw agentiniň tapylandygyny mälim etdi. German kansleri Angela Merkeliň metbugat wekili Steffen Seibertiň 2-nji sentýabrda ýaýradan beýanatynda bellenilşi ýaly, Germaniýanyň ýörite harby laboratoriýasynda geçirilen barlaglar “‘Nowiçok’ toparyna degişli nerw agentiniň” bardygyny görkezipdir. 44 ýaşly korrupsiýa garşy göreşiji we prezident Wladimir Putiniň tutanýerli garşydaşy Nawalny... Читать дальше...

ABŞ-da türkmenistanlylaryň iň uly protest aksiýasy geçýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň raýatlary ABŞ-da üç gün bäri protest aksiýalaryny geçirýärler we türkmen konstitusiýasyna giriziljek üýtgetmeler, şeýle-de prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty bilen ylalaşmaýandyklaryny beýan edýärler. Edil şu pursatda protest aksiýasy Waşingtonda geçýär. Azatlyk Radiosy guramaçylar bilen wideo arkaly söhbetdeşlik geçirip, gürrüň bermegi sorady. Söhbetdeşimiz "Türkmenistanyň demokratik saýlawy" (DWT) hereketiniň lideri Myrat Gurbanow

Çärjewde gowaça bu ýyl giç ýetişýär

Azathabar.com 

Şu günler Türkmenistanda nobatdaky pagta möwsümi dowam edýär. Ýöne Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gowaçalar ýaňy güllerini açyp, indi körege durýar. Muňa garamazdan, etrap resmileri býujet işgärlerinden düzülen ýygymçy güýjüni güýçlendirmek, hatda medisina işgärlerini hem pagta meýdanlaryna mobilizlemek boýunça taýýarlyk görýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji sentýabrda habar berdi.

Türkmen aktiwistleri ABŞ-da çykyş edip, Türkmenistana we ýurtdaky problemalara ünsi çekýärler 

Azathabar.com 

Türkmenistanyň raýatlary ABŞ-da üç gün bäri protest aksiýalaryny geçirýärler we türkmen konstitusiýasyna üýtgetme girizilmeginden, şeýle-de prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyndan närazylyk bildirýärler. Guramaçylar geçirilýän protestleriň Türkmenistana we ýurtdaky problemalara köpçüligiň ünsüni çekýändigini belleýärler. Türkmenistanlylaryň ABŞ-da guramalaşdyran dört günlük protest aksiýasynyň jemleýji tapgyry 2-nji sentýabrda BMG-niň edarasynyň öňünde öýlän geçiriler. ... Читать дальше...

Stambulda türkmenistanly bir aýal türk raýaty tarapyndan atylyp öldürildi

Azathabar.com 

Türkiýäniň Stambul şäherinde türkmenistanly bir aýal türk raýaty tarapyndan atylyp öldürildi. "Milliyet" neşiriniň habaryna görä, bu waka 28-nji awgustda sagat 23:00 töwereginde şäheriň Kartal etrabynyň Harman köçesindäki üç gatly binanyň birinji gatynda boldy. "51 ýaşly Nejati Ýylmazyň (Necati Yılmaz) onuň bilen bir öýde ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty 35 ýaşly Arzu Gül Komekowany sapança bilen iki gezek ok atyp öldürendigi öňe sürülýär. Soňra Ýylmaz şol bir sapança bilen öz kellesine ok atyp, öz-özüni öldürýär" diýip, türk neşiri belleýär. Читать дальше...

AI Eýranyň noýabr protestlerinden soňky ‘hopukdyryjy’ hukuk bozmalaryny äşgär edýär

Azathabar.com 

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” guramasy Eýrany 2019-njy ýylyň noýabryndaky hökümete garşy protestler bilen ilteşikli tussag edilenlere, şol sanda 10 ýaşly çaga garşy “hopukdyryjy adam hukuk bozmalaryny” amal etmekde aýyplady. 2019-njy ýylda Eýranda benziniň bahasynyň birden ýokarlanmagy netijesinde, ýurduň 100 töweregi şäherinde demonstrasiýalar geçirildi. Resmiler protestleri gazaply basyp ýatyrdylar. “Amnesty International” guramasynyň maglumatyna görä, şol wakalarda... Читать дальше...

Döwlet sekretarynyň orunbasary: ABŞ Belarusdaky azatlyklary goldamagyny dowam etdirer

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Stiwen Biegun (Stephen Biegun) Waşingtonyň we onuň ýewropaly hyzmatdaşlarynyň Belarusdaky syýasy tussaglaryň azat edilmegi, protestçilere garşy gazaplylygyň bes edilmegi we raýatlaryň öz hökümetini açyk we adalatly saýlawlaryň üsti bilen saýlap bilmegi üçin, belarus resmilerine basyş etmegini dowam etdirjekdiklerini aýtdy. Biegun 1-nji sentýabrda Azatlyk Radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň Belarusa harby interwensiýasynyň Moskwanyň Birleşen Ştatlar... Читать дальше...

Belarus protestlerinde studentler saklanandan soň, aýal-gyzlar köçelere çykdy

Azathabar.com 

1-nji sentýabrda Belarusyň paýtagty Minskde aýal-gyzlar toplanyp, parahat görnüşde protest geçirdiler. Şol gün, has irräk polisiýa belarus oppozisiýanyň ýurt boýunça iş taşlaýyşlary geçirmek boýunça çagyryşyna jogap edip köçelere çykan studentleriň onlarçasyny saklapdy. Ýüzlerçe aýal-gyz paýtagtyň Garaşsyzlyk meýdançasynyň golaýynda ýygnandy. Olaryň käbiri tans oýnady we aýdym aýtdy. Polisiýa goşulmazdan synlap durdy. Belarusda prezident Aleksandr Lukaşenkanyň dolandyryşyna garşy üç hepde töweregi... Читать дальше...

Owgan hökümeti ‘Talybanyň’ ‘howply’ 100 tussagyny azatlyga goýberdi

Azathabar.com 

Owgan resmileri Kabul bilen “Talyban” toparynyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň başlanmagyna ýol açjak, tussaglaryň alyş-çalşygynyň çäklerinde ýene-de 100 “Talyban” jeňçisiniň tussaglykdan azat edilendigini mälim etdiler. Owgan resmileri tussaglykda galan beýleki söweşijileriň iň howply jeňçilerdigini, olaryň ilçihanalara, jemgyýetçilik meýdançalaryna, hökümet binalaryna hüjümleri gurnandygyny, şeýle-de olaryň soňky ýyllaryň dowamynda parahat ilatyň arasyndan müňlerçe adamyň ölmegine sebäp bolandygyny aýtdylar. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Линетт сыграет против Соболенко во втором круге турнира WTA в Мадриде






В Подмосковье организована работа служб для устранения подтоплений на дорогах

Mash: студентов трех корпусов СПбГУ отправили на дистанционку из-за кори

В Новочебоксарске бывший бомж годами помогает алкоголикам и нуждающимся: "Я был не нужным человеком"

Тело мужчины нашли в лесопарковой зоне в районе Сокольники