Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2020

Новости за 28.09.2020

COVID-19: Daşary ýurtlarda galan türkmenistanlylar ýurda getirilýär. Türkiýeden gelenler soraga çekilýär

Azathabar.com 

Türkmenistan pandemiýa başlaly bäri daşary döwletlerde galan raýatlaryny ýurda getirmegini dowam etdirýär. Türkiýeden ýurda dolanan türkmenistanlylar soraga çekilip, iki hepdelik hökmany karantine ýerleşdirilýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary we hökümete tarapdar “Türkmenportal” neşiri habar berýär.

Farap: Garaşsyzlyk baýramynyň öňýany öňki tussaglar wagtlaýyn tussag edildi

Azathabar.com 

Garaşsyzlyk baýramynyň öňýany, Farap etrabynyň polisiýa edarasy geçen ýyllaryň günä geçişliginde türmelerden boşadylan öňki tussaglary hem-de beýleki käbir adamlary wagtlaýyn tussag etdi. Baýramçylyk raýatlaryň arasynda lapykeç geçdi. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygy halka näme berdi, näme bermedi?

Azathabar.com 

Şu günki gepleşigimizde iki sany syýasy waka barada gürrüň ederis. Türkmenistan birnäçe günden esasy döwlet baýramçylygyny Garaşsylyk gününiň nobatdaky ýyldönümini belleýär we onuň öňýany Halk maslahatyny geçirýär. Köpler häzirki pursat öwrülişikli diýip hasap edýärler, üýtgeşiklige garaşýarlar. Bu aýry başga yzly-yzyna gabat gelen syýasy wakalaryň Türkmenistanyň syýasatyna we halkyň durmuşyna täsirleri barada türkmen oppozisiasynyň baýry liderleriniň biri Türkmenistanyň Türkiýädäki we Ysraýyldaky... Читать дальше...

NYT: Tramp 2016, 2017-nji ýyllarda girdejisinden 750 dollar salgyt töläpdir

Azathabar.com 

"New-York Times" gazeti 27-nji sentýabrda çap eden derňew maglumatynda prezident Donald Trampyň prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanan 2016-njy ýylda federal girdeji salgydy hökmünde bary-ýogy 750 dollar tölendigini habar berdi. Trampyň 2017-nji ýylda hem şol mukdarda salgyt töländigi we ondan ozalky 10-15 ýylda federal girdeji salgydyny tölemändigi aýdylýar. Gazetiň çap eden hasabatyndan soň geçirilen metbugat ýygnagynda Tramp bu aýyplamalary “galp habarlar” diýip ret etdi. Ol näçeräk salgyt töländigini aýtmady... Читать дальше...

Dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany bir milliona golaýlaýar

Azathabar.com 

Dünýäde COVID-19-dan ölenleriň sany bir milliona ýetdi. Geçen ýylyň ahyrynda Hytaýda dörän wirus dünýäde 33 million adam ýokaşdy we ýurtlary sosial, ykdysady we syýasy ulgamlaryna çäklendirmeleri girizmäge mejbur etdi. Aladaly dinamika, Ispaniýada, Fransiýada we Angliýada dowam etdi we gündelik görkezijiler rekord derejesine ýetdi ýa-da şoňa ýakynlaşdy. Saglyk bilermenleri ýakyn birnäçe aýyň içinde ýagdaýyň hasam erbetleşjekdigini çaklaýarlar. "Ikinji tolkun, pikir edişimizden has ir geler" -diýip... Читать дальше...

Belarusda geçirilýän protestleriň 50-nji gününde ýüzlerçe adam tussag edildi

Azathabar.com 

Belarus polisiýasy 27-nji sentýabrda tutuş ýurt boýunça geçirilen demonstrasiýalarda ýüzlerçe adamy tussag etdi we göz ýaşardyjy gazy ulanyp, sesli granatlary atdy. Alýaksandr Lukaşenka garşy protestler 50 gün bäri dowam edýär. 9-njy awgustda geçirilen saýlawlaryň netijelerinden nägileligini bildirýän 100 000 golaý protestçi 27-nji sentýabrda oppozisiýanyň nyşany bolan gyzyl-ak goşa reňkli baýdaklary göterip paýtagt Minskde köçä çykdy Adamlar "faşist" we "utanç" diýip öz şygarlaryny öňe sürdüler... Читать дальше...

Päkistanyň sudy Daniel Pearlyň maşgalasynyň şikaýatyny diňlär

Azathabar.com 

Pakistanyň ýokary sudy 2002-nji ýylda öldürilen "Wall Street Journal" neşriniň žurnalisti Daniel Pearlyň maşgalasynyň ony öldürmekde günäkärlenýäniň aklanmagyna garşy eden şikaýatyna garamagy planlaşdyrýar. Aprel aýynda aşaky sud Pearlyň rehimsiz öldürilmegine sebäpkär Britaniýada doglan pakistanly Ahmed Omar Said Şeýhiň ölüm jezasyna höküm edilmek kararyny ýatyrypdy. Sindh welaýatynyň Ýokary kazyýeti, adam gaçakçylygynda aýyplanýan Şeýhi 7 ýyl azatlykdan mahrum etmegi karar etdi, Waşington bu... Читать дальше...

Jedelli Daglyk-Garabagyň üstünde ikinji gün agyr söweş barýar

Azathabar.com 

Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda jedelli Daglyk-Garabag regionynyň üstündäki güýçli söweşler halkara derejesinde edilýän saklanmak çagyryşlaryna garamazdan 28-nji sentýabrda ýene etdirildi. Ýerewan gijäniň dowamynda söweş edendigini habar berdi. Bakuw bolsa ermeni güýçleriniň Terter şäherine hüjüm edýändigini aýtdy. Azerbaýjanyň içindäki ermeni separatist anklawy bolan Daglyk-Garabagyň häkimiýetleri 28-nji sentýabrda azerbaýjan güýçleri bilen bolan çaknyşykda jemi 32 söweşijiniň öldürilendigini habar berdiler. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Даниил Медведев

Медведев сыграет с Бубликом в Мадриде 






«Исерек егет «Мерседес»та очып чыкты». Авариядә үлгән ир белән хатынның биш баласы ятим

Бьюти-эксперт Рия Горбунова: 5 самых модных причесок этого лета

Ремонт Каширского шоссе в Ленинском округе завершат к концу года

Андрей Разин: «У меня большие амбиции»