ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi BAE-de “regional howpsuzlygy” maslahatlaşýar
Bolton 29-njy maýda Abu Dhabide, BAE-niň paýtagtynda gürläp, gämilere hüjüm edilen “deňiz minalarynyň Eýrana degişli bolmagy tasdan belli” diýdi.
Eýranyň regional bäsdeşi bolan Saud Arabystany we onuň ýakyn ýarany Waşington şu aýyň başynda Aýlakda nebit tankerlerine edilen hüjümde Eýrany günäkärledi.
Bäş döwletiň, şol sanda Amerikanyň ekspertler topary 12-nji maýda dört gämä, şol sanda Oman deňzinde Saud Arabystanynyň iki nebit gämisine zyýan ýetiren hüjümleri derňeýär.
Bolton golaýda Saud Arabystanynyň nebit-port şäheri Ýanbuda hem başa barmadyk hüjümiň bolandygyny aýtdy we munuň arkasynda hem Eýranyň durandygyny güman etdi, emma sözüni anyklaşdyrmady.
Bolton Birleşen Arap Emirliklerine 28-nji maýda, “regional howpsuzlyk meselelerini” maslahatlaşmaga geldi. Onuň sapary Eýran we Birleşen Ştatlaryň, şeýle-de onuň Parsa aýlagyndaky ýaranlarynyň arasyndaky dartgynlyklaryň ýokarlanan wagtyna gabat gelýär.
