Ukrain raýatlygy dikeldilen Sakaşwili ukrain prezidentini öwýär
Sakaşwili bu sözleri AÝ/AR-nyň Ukrain gullugy bilen 28-nji maýda, Zelenskiý öňki prezident Petro Poroşenkonyň Sakaşwilini raýatlykdan mahrum etmek baradaky kararyny ýatyrýan karara gol çekenden soňra eden söhbetdeşliginde aýtdy.
Sakaşwili Poroşenkonyň özüni ukrain raýatlygyndan mahrum etmegini “gorkak ädim we mynasyp däl prezident” tarapyndan görlen çäre hökmünde häsiýetlendirdi.
Ol özüne goldaw beren ukrainalylardan hoşaldygyny aýtdy we Ukrainada özüniň yzyna gelenini görmek islemeýän adamlaryň hem az däldigini belledi.
Şeýle-de Sakaşwili Zelenskiniň öz ukrain raýatlygyny dikeltmek barada “örän çalt” karara gelemginiň “onuň häsiýetini” görkezýändigini aýtdy.
Sakaşwiliniň sözçüsi Tanýa Bahranowska AÝ/AR-a onuň Kiýewe 29-njy maý güni, Warşawdan gelýän uçar bilen geljekdigini aýtdy.
