Litwa “Sputnigiň” ýerli bölüminiň baş redaktoryny ýurtdan kowýar
Marat Kasem 28-nji maýda Moskwadan gelip, Wilnýus aeroportunda gonandan, serhet goragçylary tarapyndan saklandy we birazdan Litwadan 5 ýyl möhlet bilen deportasiýa edildi diýip, rus habar agentligi aýtdy.
Litwanyň Döwlet serhet gullugynyň internetde çap eden dokumentine laýyklykda, Litwa Kasemi “milli howpsuzlyga wehim” hasaplaýar.
Kasem Rigada bolan wakadan soň çap eden wideosynda özüniň Wilnýus aeroportunda alty sagat çemesi saklanylandygyny we häkimiýetler tarapyndan sorag edilendigini aýtdy.
Ol özünden, başga zatlar bilen bir hatarda, Orsýetiň gizlin gulluklary bilen aragatnaşygynyň bardygy barada hem soralandygyny gürrüň berdi.
