Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2019

Owgan paýtagtyny sarsdyran ulag partlamasynda ýedi adam öldi

0
Owganystanyň paýtagtynda bolan ulag partlatmasy şäheri sarsdyrdy. Bu iki günde bolan ikinji ganly patlama boldy. 


31-nji maýda Kabulyň günortasyndaky Ýakatot etrapçasynda bolan partlamada azyndan ýedi adam heläk boldy. Resmiler ölenleriň we ýaraly bolanlaryň anyk sanynyň häzirlikçe belli däldigini duýdurýarlar.


Bomba bu ýerden ABŞ-nyň harby konwoýy geçip barýan wagtynda partlady. ABŞ harbylarynyň sözçüsi harby gullukçylaryň ýeňil ýara alandygyny aýtdy. 


APF owgan IIM-niň sözsüsi Nasrat Rahimä salgylanyp, dört owganly geçegçiniň ýaralanandygyny habar berdi. 


"Talybanyň" sözçüsi Zanihullah Mujahid bu hüjümiň jogapkärçiligini öz toparynyň edendigini aýdyp, delil getirmezden 10 ABŞ esgeriniň öldürilendigini öňe sürdi. 


Partlamanyň bolan ýeriniň golaýynda ABŞ-nyň we NATO güýçleriniň, şeýle-de Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň desgalary ýerleşýär.


30-njy maýda janyndan geçen bombaçynyň Owgan harby akademiýasynyň golaýynda özüni partlatmagy netijesinde alty adam öldi.


Harby akademiýa 31-nji maýda bolan partlamanyň guralan ýerinden birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşýär.


30-njy maýdaky hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” terror guramasy öz boýnuna aldy.


 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса