Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2019

Nur-Soltanda aýallar ýeňillikleri sorap protest geçirdiler

0
Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanda onlarça aýal sosýal tölegleriň artdyrylmagyny we kommunal tölegleriň azaldylmagyny sorap, prezident köşgüniň öňünde ýöriş geçirdiler. Bu irki prezidentlik saýlawlaryna bir hepde çemesi wagt galan pursadyna gabat geldi.


Protestçiler hökümetiň köp çagaly maşgalalary we perzentlerini ýeke ýetişdirýän eneleri maliýe taýdan goldamak, şeýle-de jaý bilen üpjün etmek baradaky beren wadalarynda tapylmagyny talap etdiler.


Demonstrantlar “Çagalarymyzy jaý bilen üpjün ediň!” diýen şygarlary gygyrdylar. Olar premýer-ministr Askar Maminiň, geçiji prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň we häkimiýet başyndaky Nur-Otan partiýasyna heniz hem ýolbaşçylyk edýän ozalky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň hem özleriniň öňüne çykmagyny talap etdiler.


Gazagystanyň iş we sosýal goraglylyk ministri demonstrantlar bilen duşuşyp, olaryň golaýdaky parlament binasynyň öňüne gitmegini sorady. Protestçiler ýüz öwürdiler.


Soňky aýlaryň dowamynda Gazagystanda pes ýaşaýyş şertlerine garşy protestler geçirilýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса