Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2019

Новости за 28.06.2019

Bakuwyň polisiýasy oppozision lideri gysga wagtlaýyn tussag etdi

Azathabar.com 

Bakuwyň polisiýasy jemgyýetçiligiň durnuklylygyny bozmaga synanyşandygyny öňe sürüp, Azerbaýjanyň oppozision Halk front partiýasynyň (AXCP) lideri Ali Karimlini gysga wagtlaýyn tussag etdi.  Oppozision syýasatçy Taofik Ýakublynyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, polisiýa Karimlini aktiwistleriň galp aýyplamalar diýip atlandyrýan pul jerimelerini tölemäge ýardam bermek üçin geçirilen çäreden gaýdyp barýan mahalynda, 28-nji iýunda tussag etdi. Polisiýa resmileri Karimliniň... Читать дальше...

Türkmen prezidentiniň doglan güni nirede bellener?

Azathabar.com 

Türkmenistanda prezidentiň doglan gününe taýýarlyk görülýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň berýän maglumatlarynda görä, prezidentiň barmagyna taýýarlyk çäreler bir wagtda ýurduň ençeme regionynda alnyp barylýar, emma onuň nirä barjakdygy mälim edilmeýär. 29-njy iýunda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 62 ýaşaýar.  "Oňa Türkmenbaşyda garaşdylar, soň Magtymguly Pyragynyň obasy Magtymgulyda, soň Daşogza barýan ýollary ýapdylar. Soňky üç günläp iki tarapa taksi hem ýöremedi, şonda doglan günüň şol ýerde bellenjegini aýtdylar. Читать дальше...

Öňki rus kanunçykaryjysynyň biznes partnýory tussag edildi

Azathabar.com 

Russiýanyň derňewçileri Ukrainadaky we beýleki ýerlerdäki syýasy garaýşy sebäpli Kreml bilen konflikte girişen öňki kanunçykaryjynyň biznes partnýoryny tussag etdiler. 28-nji iýunda Russiýanyň Derňew komiteti “Rolf” atly daşary ýurt ulag brendiniň satuwy boýunça kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň agzasy Anatoliý Kaironyň 48 sagatlyk tussag edilendigini aýtdy. Maglumatda oňa 2014-nji ýylda kompaniýanyň esaslandyryjysy, öňki kanunçykaryjy Sergeý Petrowa Russiýadan 4 milliard rubly, ýagny $63,5... Читать дальше...

Sibire gelen sil zerarly iki adam öldi

Azathabar.com 

Sibirde güýçli ýagşyň ýagmagy netijesinde gelen sil sebäpli iki adam öldi diýip, ýerli häkimiýetler aýdýarlar. 27-nji iýunda Irkutsk regionynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Irkutskda birnäçe gün bäri dowam edýän güýçli ýagyşlar sebäpli regionyň üç etrabyna sil geldi. 28-nji iýunda Irkutsk regional hökümeti häkimiýetler tarapyndan ewakuasiýa kararynyň çykarylandygyna garamazdan, Ýewdokimowka obasyndaky öýlerini terk etmegi ret eden bir jübüdiň gijäň ýarynda heläk bolandygyny aýtdy.

Tramp Putin bilen gatnaşyklaryny taryplap, oňa ABŞ-nyň nobatdaky saýlawlaryna ‘goşulyşmazlygy’ duýdurdy

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp özüniň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen “gatnaşyklaryny örän, örän gowy” diýip taryplady, ýöne oňa ABŞ-nyň nobatdaky saýlawlaryna “goşulyşmazlygy” duýdurdy. Iki lideriň arasyndaky bu gepleşikler 28-nji iýunda Ýaponiýada G20 ýygnagynyň çäginde bolup geçdi. Iki ýurduň arasyndaky durnuksyz ikitaraplaýyn we halkara meseleleriň sanawynyň artýan mahalynda, Tramp rus kärdeşi bilen bir ýyl arakesmeden soň geçiren duşuşygynyň başynda optimistik äheňde çykyş etdi. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса