Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2019

Gazak hukuk goraýjysy öz itiniň zäherlenip öldürilendigini güman edýär

0
Tanymal gazak hukuk goraýjysy, goňşy Hytaýda “gaýtadan terbiýeleýiş lagerleriniň” üstüni açan aýala kömek eden aklawçy öz itiniň zäherlenip öldürilmeginiň arkasynda özüni gorkuzmak maksadynyň ýatandygyny aýdýar. 


Jynsy zorluklaryň pidalaryna wekilçilik edýän we 2018-nji ýylda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Halkara edermenlik sylagy bilen sylaglanan Aýman Omarowa öz itini 5-nji iýunda irden Almatydaky öýüniň howlusynda öli tapandygyny aýtdy. 


It bäş ýaşyndaky we saglygy gowudy diýip, Omarowa aýtdy we onuň dostana haýwan bolandygyny, goňşular bilen arada hiç bir alada döretmändigini sözüniň üstüne goşdy. “Meniň itip zäherlenip öldürilene meňzeýär” diýip, ol aýtdy. 


“Men munuň öz professional işim üçin edilen işdigine ynanýaryn” diýip, bu iş boýunça polisiýa şikaýat eden Omarowa aýtdy. Ol biraz öň biriniň öz jaýynyň derwezesinden öli pişik asyp gidendigini, munuň duýduryş bolandygyny hem belledi. 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса