Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2019

Ukrain prezidenti Orsýet bilen çalşyp boljaklaryň sanawyna girizilen ukrainalynyň günäsini geçýär

0
Ukrainanyň prezidenti Wolodimir Zelenskiý Orsýetde doglan 72 ýaşly Wýaçeslaw Wysotskiniň günäsini geçmek hakyndaky karara gol çekdi diýip, Adalat ministrligindäki çeşme AÝ/AR-nyň rus dilinde gepleşik berýän “Häzirki zaman” telekanalyna aýtdy.


Ukrain raýaty bolan Wysotskiý ady aýdylmaýan daşary ýurt döwletiniň haýryna döwlet dönükliginde we içalyçylykda günäli tapylyp, 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ukrain hökümeti ony Orsýetde saklanylýan ukrain raýatlary bilen çalşyp boljak adamlaryň sanawyna girizdiler. 


Zelenskiniň gündogar Ukrainanyň käbir böleklerinde barýan urşy düzgünleşdirmek babatdaky aragatnaşyk topary boýunça wekili, ozalky prezident Leonid Kuçma 6-njy iýunda Orsýet bilen tussaglary çalyşmak meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.


Kuçma “Iki tarapyň hem başlangyç ädimleri ätmegi gerek” diýdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса