Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2019

Dagystanda žurnalist deslapky tussaghana höküm edildi

0
Russiýanyň Demirgazyk Kawkazdaky Dagystan respublikasynyň sudy garaşsyz neşir üçin işlän bir žurnalisti, terrorizmi maliýeleşdirmek aýyplamalary esasynda, deslapky tussaghana ýerleşdirmek barada höküm çykardy. Neşiriň redaktory bu aýyplamalary “bolgusyz” diýip atlandyrdy.


Mahaçkalanyň sudy Abdulmumin Gajiýewi iki aý deslapky tussaghana ýerleşdirmek barada höküm çykardy. Gajiýewiň aklawçysy öz müşderisiniň sud diňlenişiginde bildirilýän aýyplamalary inkär edendigini aýtdy.


Garaşsyz “Çernowik” neşiriniň habarçysy Gajiýew 14-nji iýunda tussag edilipdi. Polisiýa onuň öýünde gözleg geçirip, kompýuterlerini we mobil telefonlaryny ele geçiripdi.


Oňa “Yslam döwleti” ekstremistik topary üçin maliýe serişdelerini toplamaga hemaýat bermekde hem aýyplama bildirildi.


Düýbi Dagystanda ýerleşýän “Çernowik” neşiri habarça bildirilýän aýyplamalary ret etdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса