Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2019

Türkmen mediasy iki hepdede 1 milliondan gowrak bugdaý ýygnaldy diýýär

0
Türkmenistanda 1 million 14 müň 760 tonna bugdaýyň ýygnalandygyny döwlet mediasy habar berdi.


Türkmen döwlet habar agentligi bu barada çap eden maglumatynda bu mukdaryň 2019-njy ýylda bugdaý planynyň "ýitgisiz" ýygnaljagyna ynam döredýändigini habar berdi.


Türkmenistan şu ýyl 1 million 600 müň tonna bugdaý ýygnamagy planlaşdyrýar. Bugdaý oragy 5-nji iýunda başlanypdy. 


Türkmenistanyň hökümetiniň bugdaý planynyň dolandygy barada hasabatlarynyň fonunda ýurduň ilaty iki ýyldan gowrak wagt bäri un we çörek gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.


“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň fewral aýynda çap eden garaşsyz hasabatynda 2018-nji ýylda Türkmenistanda ýygnala bugdaýyň 1 million 600 müň tonnadan ybarat resmi plandan üç esse az, ýagny 538 müň tonna barabar bolandygyny habar berildi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса