Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2019

Gürjüstanly protestçiler talaplarynyň ýerine ýetirilmegi üçin ýene toplanjakdyklaryny aýdýarlar

0
Esasan ýaş adamlardan ybarat onlarça protestçi Gürjüstanyň paýtagtyndaky parlament binasynyň daşynda 22-nji iýun güni irden, iki günlük anti-rus protestlerinden soň, ümsüm hüşgärlik aksiýasyny geçirdi.


Parlamentiň spikeri Irakli Kobakhidze 21-nji iýunda, protestçileriň bir talabyny kabul edip, işden çekildi.


Emma oppozisiýa wekilleri özleriniň 22-nji iýunda, öz talaplarynyň ýerine ýetirilmegine basyş görkezmek üçin, ýene toplanmagy wada berdiler. Olar içeri işler ministriniň işden çekilmegini, irki parlament saýlawlarynyň geçirilmegini hem talap edýärler.


Häkimiýetler parlament binasynyň öňündäki we arkasyndaky girelgelerini çal demir gözenekli haýatlar bilen baglady. Polisiýa olary gije 600-800 adama çenli baryp ýeten we irden selçeňlän mähelläni goýbermän saklamak üçin ulandy.


21-nji iýunda, Gürjüstanyň parlament sessiýasy mahalynda spikeriň ornuna geçip oturan oturan rus deputaty üçin protest bildiren adamlar bilen polisiýanyň arasynda bolan zorlukly çaknyşyklardan soň,müňlerçe gürjüstanly merkezi Tbiliside parahatçylykly protest bildirdi.


Demonstrasiýaçylar başda, 20-nji iýunda Orsýetiň Döwlet dumasynyň deputaty Sergeý Gawrilowyň parlament spikeriniň ornuna geçip oturmagyna gaharlaryny bildirmek üçin toplandylar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса