Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2019

Stambulyň häkimi wezipesine oppozision dalaşgär saýlandy

0
Türkiýäniň häkimiýet başyndaky "Adalat we galkynyş" partiýasy (AK) Stambula gözegçiligini elden berdi. Bu Stambulyň häkimi wezipesine gaýtalanyp geçirilen saýlawlaryň netijeleriniň yglan edilmeginden soň belli boldy.


Respublikan halk partiýasynyň (CHP) dünýewi garaýyşly syýasatçysy Ekrem Imamoglu 23-nji iýunda geçirilen saýlawlardan sesleriň 54% eýe boldy diýip, media serişdelerinde habar berildi. 



Häkimiýet başyndaky partiýanyň dalaşgäri öňki premýer-ministr Binali Ýildirim yza çekildi.


Bu saýlawlaryň netijeleri öz syýasy karýerasynyň ösüşini Stambulyň häkimi wezipesinden başlan prezident Rejep Taýyp Erdogan üçin yza haýdyş hökmünde kabul edildi.   



49 ýaşly  Ekrem Imamoglu Stambul üçin "täze başlangyjy" wada berdi we ses berişligiň gutarnykly netijeleriniň yglan edilmeginden soň Erdogan bilen işleşmäge isleg bildirdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса