Şweýsariýa Gülnara Kerimowa degişli $133 millionyň Özbegistana iberiljegini aýdýar
Bu karar 24-nji iýunda, martdan bäri Daşkentdäki türmede saklanylýan Kerimowanyň adaty bolmadyk bir adamlyk şikaýatyndan bir gün soňra yglan edildi.
Gülnara Kerimowa öz gyzynyň instagram sahypasynda çap edilen şikaýatynda Özbegistanyň häzirki prezidentinden özüne rehimdarlyk edilmegini soraýar.
Şeýle-de ol öz aklawçylaryna 686 million dollar möçberinde doňdurylan emlägi üçin kanuny tagallalary togtatmagy buýrandygyny aýtdy.
Bu emläk esasan şweýsar bank hasaplarynda saklanylýandyr öýdülýär.
Bu beýanatyň asyl nusgadygy onuň şweýsar aklawçylarynyň biri tarapyndan tassyk edildi.
