Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2019

Gürjüstanda protestçiler tapgyr altynjy gün ýöriş geçirýär

0
Müňlerçe protestçi Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside tapgyr altynjy gün ýöriş geçirip, ýurduň içeri işler ministriniň wezipeden çekilmegini talap edýärler.


Protestçiler hökümete garşy protestler bilen baglanyşykly oppozision kanunçykaryjynyň tussag edilmek bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy baradaky habara hem gahar-gazap bildirdiler.


Gürjüstanyň öňki prezidenti Giorgi Margwelaşwili 25-nji iýunda giçlik parlament binasynyň öňünde üýşen adamlaryň köpçüligine goşulyp, protestlere goldaýandygyny beýan etdi.


“Hakykat we güýç bu ýerde... Gürjüstanyň aýdyň gelejegi üçin hakyky isleg bu ýerde” diýip, Margwelaşwili aýtdy.


Protestçiler beýleki zatlar bilen bir hatarda, içeri işler ministri Giorgi Gakharianyň wezipeden çekilmegini talap edýärler. Gakharia mundan bäş gün ozalky demonstrasiýany dargatmak üçin çendenaşa güýç ulanmakda aýyplanýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса