Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2019

Gazagystanyň ok-ýarag ammary partlan şäheriniň adamlary başga ýere göçürilmeklerini talap edýärler

0
Gazagystanyň günortasyndaky Türküstan sebitinde ýerleşýän Arys şäheriniň ýüzlerçe ýaşaýjysy, ok-ýarag ammarynyň tapgyrlaýyn partlamalaryndan soň, regionyň iň uly şäherinde toplanyp, regionyň başga ýerlerine hemişelik göçürilmeklerini talap etdi.


Harby bazada onlarça tonna ok-däri partlanyndan soň, 24-nji iýunda Arysdan gaçan adamlar 27-nji iýunda Şymkentdäki esasy ýoly bagladylar. Bu partlamalar netijesinde üç adamyň ölendigi habar berildi. Şährfden gaçan adamlar indi özleriniň yzlaryna gitmäge gorkýandyklaryny aýdýarlar.


Arysda 2009-njy ýyldan bäri harby enjamlar we ok-ýarag depolarynda birnäçe ganly partlama bolup geçdi.


Protestçiler regional gubernator Omirzak Şokeýewiň özleri bilen duşuşyk, täzeden ýerleşdiriljek ýerleri barada maslahat etmegini talap edýärler.


24-nji iýunda bolan partlamalardan soň regionda adatdan daşary ýagdaý düzgüni jar edildi we ýerli hökümet şäheriň 45 müň adamdan ybarat ilatyny ewakuasiýa etmegi buýurdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса