Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2020

Stambulda batan balykçy gämisinden türkmen raýatynyň jesedi tapyldy

0
Türkiýäniň Stambul şäheriniň Kilýos sebitiniň kenarlarynda 82 metr çuňlukdaky batan balykçy gämisinden türkmenistanly raýatyň jesedi tapyldy. Bu barada türk habar serişdeleri 11-nji ýanwarda habar berdiler.


Maglumata görä, mundan bir gün öň “Dursun Ali Coşkun” atly türk balykçy gämisi Russiýanyň baýdagy aşagynda hereket eden “Glard 2” tankeri bilen çaknyşandan soňra batypdyr.


Türk balykçy gämisiniň üstünde üç kişiniň bolandygy anyklady we olaryň jesetlerini suwuň düýbünden çykarmak işleri başladyldy.


Gözleg işleriniň dowamynda Türkmenistanyň raýaty bolan Begenç Öwlýagulyýewiň jesedi tapyldy. Onuň jesedi soňy bilen Sud medisina barlag institutyna äkidildi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса