Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2020

Tramp, Erdogan telefonda Eýran, Siriýa, Liwiýa meselelerini maslahatlaşdy

0
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan telefonda gürleşip, Eýran, Siriýa, Liwiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşdy diýip, iki ýurduň dolandyryjy edaralarynyň aýrylykda çap eden beýanatynda aýdylýar. Ýöne olaryň hiç biri 15-nji ýanwarda bolan telefon söhbetdeşligi hakynda anyk maglumat bermedi.


Eýran 8-nji ýanwarda ýykylan ukrain uçaryny “niýet etmezden” urup ýykandygyny boýun alyp, dünýäde köp adamy, şol sanda köçe protestlerine çykan müňlerçe eýranlyny gahar-gazaba mündürenden soň, Günbatar bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlyklar ýokarlanýar. 


Şu aralykda german kansleri Angela Merkel Türkiýäniň, Orsýetiň, Birleşen Ştatlaryň, Britaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň we Italiýanyň liderleri bilen 19-njy ýanwarda Berlinde Liwiýadaky ýaragly konflikti ara alyp maslahatlaşmagy planlaşdyrdy. 


Demirgazyk Afrika ýurdunda atyşyk togtadyldy, Tripolidäki BMG we Türkiýe tarapyndan goldanylýan hökümet bilen Orsýet tarapyndan goldanylýan gozgalaňçy uruş serkerdesi häkimiýet ugrunda söweşýär.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса