Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2020

Mumbaýda türkmenistanly iki gyz mejbury ten söwdasyndan halas edildi

0
Hindistanyň Mumbaý şäherinde polisiýanyň myhmanhanalaryň birinde geçiren reýdiniň netijesinde üç aýal maşgala, şol sanda türkmenistanly iki student gyz mejbury ten söwdasyndan halas edildi.


Mumbaý polisiýasynyň jenaýat agtaryş bölüminiň sosial hyzmat edarasynyň maglumatyna görä, Bolliwudyň önümçilik menejeri we aktýorlary saýlap-alyş direktory aýal maşgalalary kino pudagynda işe ýerleşdirmek wadasy bilen, olary jelepçilige iteklemekde aýyplanýarlar.


Media maglumatlaryna görä, myhmanhananyň müşderileriniň birine jynsy hyzmatlardan peýdalanmak hödür edilende, ol bu barada polisiýa habar beripdir. Mundan soňra hem reýd geçirilipdir.


Türkmenistanly gyzlar Pune uniwersitetiniň talyplary bolup, olar şübhelenýänleriň film üçin daşary ýurtly aktýorlaryň gözlenýändigi bardaky bildirişinden soňra, Mumbaýa gelipdirler. Türkmen raýatlarynyň şahsyýetleri aýdyňlaşdyrylmaýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса