Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2020

Ýewropanyň uly şäherlerinde ikinji koronawirus tolkunyna garşy çäklendirme girizilýär

0
Ýewropanyň uly şäherlerinde ikinji koronawirus tolkunyna garşy çäklendirme girizilýär

Ýewropa döwletleriniň birnäçesi 18-nji sentýabrda iri şäherleriniň käbirinde koronawirus ýokuşmasynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin täze çäklendirmeleri yglan etdi,  şu aralykda prezident Donald Tramp gelýän aprelde "her bir amerikaly üçin" ýeterlik COVID-19 sanjymynyň öndüriljekdigini öňe sürdi. 

ABŞ-da koronawirus ýokuşmasyndan ölenleriň sany 200 müň  töweregi bolansoň, Tramp sanjymyň döredilmegini ykdysadyýeti täzeden açmak we noýabr aýynda gaýtadan saýlanmak mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin möhüm çäre hasaplaýar. 

Prezident häkimiýetleriň ilkinji sanjymy oktýabr aýyna çenli tassyklap biljekdigini öňe sürdi, ýöne saglyk resmileri bu gyssanmaçlygy sorag astyna alýarlar we sanjymyň şu ýylyň ahyrynda ýa-da indiki ýylyň başynda taýýar bolup biljekdigini öňe sürýärler. 

Bütin dünýäde 30 milliondan gowrak adama wirus ýokaşandygy tassyklandy we geçen ýylyň ahyrynda Hytaýda ýüze çykaly bäri COVID-19 keselinden takmynan 950 müň adam öldi, ýöne hakyky sanlar has ýokary diýip hasaplanýar. 

Bütindünýä saglyk guramasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça müdiri Maýkl Raýan 18-nji sentýabrda wirtual metbugat ýygnagynda dünýäde hepdede takmynan 2 million täze hadysanyň hasaba alynýandygyny, 40 müňden 50 müňe çenli adamyň bolsa ölýändigini aýtdy. 

Ýewropada, demirgazykdaky Daniýadan we Islandiýadan günortadaky Gresiýa çenli ýurtlar käbir iri şäherlerinde, koronawirus ýokuşmalarynyň öňüni almak üçin, 18-nji sentýabrda täze çäklendirmeleri yglan etdiler.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Теннисист Джокович раздавал автографы в шлеме после попадания бутылкой в голову






Столичные биологи рассказали, какие животные попадают в объективы фотоловушек

Володин: Думе потребуется шесть часов на обсуждение кандидатур в правительство

Новостройку на улице Горбунова передали под заселение по программе реновации

Тренер "Зенита" Семак заявил, что не понимает судейских трактовок