Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2020

Sambo boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanda däl, Serbiýada geçirilmeli edildi

0
Sambo boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanda däl, Serbiýada geçirilmeli edildi

2020-nji ýylyň Sambo boýunça  dünýä çempionaty, koronawirus pandemiýasy aladalary bilen baglylykda, Serbiýa geçirildi diýip, insidethegames.biz neşiri habar berýär.

Ilkibaşda Türkmenistanda geçirilmekçi bolnan bäsleşik indi Nowi Sadda taýýarlanan Bütindünýä ýaşlar we Ýaşlar sambo çempionaty bilen bilelikde geçiriler.

Halkara Sambo federasiýasynyň (FIAS) maglumatyna görä, koronawirus krizisi sebäpli, türkmeniň paýtagty Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek mümkin däl.

Bu ýaryş 5-nji noýabrdan 8-nji noýabra çenli aralykda dowam eder.

FIAS-yň prezidenti Wasiliý Şestakow Serbiýanyň Sambo federasiýasyna bu sport bäsleşigini halas etmek üçin eden tagallasyna minnetdarlyk bildirdi.

"FIAS elmydama halkara arenasynda guralýan sambo ýaryşlarynyň iň köp möçberde geçirilmegine gol ýapýar, ýöne pandemiýa biziň planlarymyza düzediş girizdi" diýip, Şestakow aýtdy.

Geçen ýyl sambo çempionaty Günorta Koreýanyň Çongju şäherinde geçirildi.

Resmi taýdan Türkmenistanda koronawirus ýok diýip, habarda bellenýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

ATP представила новые правила парного тенниса






Baza: москвички сломали ребенку грудной позвонок, требуя освободить качели

Музей Победы познакомит с работой почты в годы войны

Ушаков: на параде Победы в Москве будут присутствовать лидеры других государств

Лучшая в России. Новую судоверфь для электросудов строят в Москве