Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2018

90 çemesi migrant, köpüsi pakistanly, gark boldy

0
Halkara migrasiýa gurmasy, Ortaýer deňzinde agdarylan gämileri zerarly, azyndan 90 adamyň gark bolan bolmagyndan howatyr edilýändigini aýtdy.


"Gämileri şu gün irden Liwiýa kenarynda agdarylandan soň, azyndan 90 adamyň gark bolandygy habar berildi” diýip, HMG-nyň 2-nji fewraldaky beýanatynda aýdylýar.


Berilýän maglumata görä, 10 adamyň – sekiz pakistanlynyň, iki liwiýalynyň jesedi tapyldy. Aman galanlaryň ikisi kenara ýüzüp geldi, beýlekiler bolsa balykçy gämileri tarapyndan halas edildi diýip, HMG habar berdi.


Aman galanlaryň tassyklamagyna görä, gäminiň üstündäkileriň aglabasy pakistanly eken.


Agentlik merkezi Ortaýer ugry diýilýän arkaly, Liwiýadan Italiýa aşmaga synanyşmagyň örän howpludygyny gaýta-gaýta duýduryp gelýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса