Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2018

Новости за 21.02.2018

Aşgabatda proksi serwerleri ulanyjylaryň interneti ýene-de kesildi

Azathabar.com 

Türkmenistanda internet ulanyjylaryň VPN proksi serwerler arkaly internete girmek mümkinçiliginiň kesilendigini 21-nji fewralda Azatlygyň birnäçe çeşmesi habar berdi. Olaryň maglumatyna görä, häzirki wagtda döwletiň gözegçiligindäki “Altyn Asyr” mobil aragatnaşyk ulgamy, hem-de AŞTU, ýagny Aşgabadyň şäher telekommunikasiya ulgamy VPN proksi serwerinden peýdalanýan müşderilerini internetden kesýär. “Hem mobil, hem-de AŞTU ulgamynyň VPN ulanýanlara duýduryş bermezden internetlerini böwetleýärler. Читать дальше...

Daşary ykdysady iş banky nagt däl hasaplaşyklary togtatdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky (TDDYIB) müşderileriň dürli halkara hyzmatlary arkaly nagt däl tölegleri amala aşyrmak mükinçiligini togtatdy diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri habar berýär.

Aşgabatda import edilýän senagat harytlary 80% gymmatlady

Azathabar.com 

Aşgabadyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda senagat we käbir azyk harytlarynyň bahalarynyň ýokarlanmagy yzygiderli dowam edip, bu gymmatlamanyň möçberi soňky 10 günüň dowamynda ortaça 80%-a barabar boldy.

Owgan resmileri TOPH-yň owgan böleginiň düýbüni tutmak dabarasyna taýýarlanýarlar

Azathabar.com 

Owgan häkimiýetleri TOPH gazgeçirijisiniň Owganystana degişli böleginiň gurluşygyna başlamak boýunça dabara uly taýýarlyk görýärler.  Owganystanyň habar serişdeleri 23-nji fewralda Hyrat şäherinde geçiriljek dabara dört ýurduň liderleriniň gatnaşjakdygy aýdylýar. Türkmenistanyň prezidentiniň Hyrata 70 adamdan ybarat resmi topar bilen bilelkde barjakdygy, Pakistanyň we Hindistanyň ýolbaşçylarynyň öz ýany bilen 30 çemesi adamdan ybarat delegasiýalary alyp barjakdygy habar berilýär. Owgan hökümeti... Читать дальше...

Orsýetiň üç sportsmeni doping barada maglumatlary paş eden öňki orsýet resmisini suda berdi

Azathabar.com 

Orsýetiň üç sportsmeni ýurtdaky doping meselesi barada maglumatlary paş eden öňki orsýet resmisini suda berdi. Orsýetiň dopinge garşy laboratoriýasynyň öňki müdiri Grigoriý Rodçenkowyň görkezmeleriniň yzýany ýüzlerçe atletiň bäsdeşliklere gatnaşmagy gadagan edilipdi we olaryň karýeralaryna zeper ýetipdi. 20-nji fewralda sportsmenler Nýu Ýorkyň sudunda Rodçenkowa garşy 30 million dollarlyk işi gozgadylar. Rodçenkow ABŞ-da ýaşaýar. Onuň aklawçysy Jim Walden müşderisine garşy gozgalan işi “başa barmajak... Читать дальше...

ABŞ Pakistany terrorçylary maliýeleşdirýän ýurtlaryň sanawyna goşmak çäresini yza tesdirdi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Pakistany terrorçylary maliýeleşdirýän ýurtlaryň sanawyna goşmak ugrundaky hereketi üç aýlyk yza tesdirildi diýip, Pakistanyň resmileri aýtdylar. Pakistanyň daşary işler ministri Hawaja Asifiň 20-nji fewralda agşam aýtmagyna görä, Maliýe meseleler boýunça gullugyň ABŞ-nyň Pakistany terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly meselede ýeterlik çäre görmeýän ýurtlaryň “çal sanawy” diýilýän hasabatyna goşmak boýunça hereketi babatynda dessine çäre görmezlik kararyna gelipdir. Pakistanyň... Читать дальше...

Moskwa Siriýanyň we Orsýetiň söweş uçarlarynyň adam pidaly hüjümlerini gorady

Azathabar.com 

Orsýet Damaskyň eteginde Siriýanyň we Orsýetiň söweş uçarlarynyň amala aşyran massiw hüjümlerini gorap çykyş etdi. Garaşsyz synçylar hüjümde iki günüň dowamynda 250 parahat ýaşaýjynyň wepat bolandygyny aýdýarlar. 20-nji fewralda BMG-niň we günbatar ýurtlarynyň onlarça çagany öz içine alýan weýrançylykly hüjümler bilen baglylykda aladalanma bildiren wagtynda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow munuň esasly bolandygyny aýtdy. “Bar bolan ylalaşyklar hasaba alnanda, terrorizme garşy göreş hiç zat bilen çäklendirilmeli däl” diýip... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса