Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2018

Новости за 25.02.2018

Siriýaly kürt lideri Pragada tussag edildi

Azathabar.com 

Siriýanyň kürt jemgyýetiniň tanymal lideri, Türkiýäniň talaby esasynda, çeh häkimiýetleri tarapyndan tussag edildi. Türkiýäniň resmi habar gullugy we kürtleriň ýolbaşçylygyndaky esasy koalisiýa 25-nji fewralda Salih Muslimiň, Demokratik Birleşik partiýasynyň ozalky egindeş başlygynyň bir gün öň Pragada tussag edilendigini aýtdy. Türkiýäniň resmi “Anadolu” habar gullugy Muslim 24-nji fewralda tussag edildi diýdi. Çeh häkimiýetleri Siriýanyň raýaty Muslimiň tussag edilendigi baradaky habara bada-bat düşündiriş bermediler. Читать дальше...

Prezidentiň aýal doganynyň adamsy ýogaldy, gije köçe bejerildi, metbugat dymdy

Azathabar.com 

Azatlygyň çeşmesi 15-nji fewralda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly aýal dogany Gülnabat Mälikgulyýewna Döwletowanyň adamsynyň aradan çykandygyny we gije Türkmenbaşy, ozalky Lenin köçesiniň ugrunda bejeriş işleriniň geçirilendigini, ýol ýakasyndaky jaýlaryň reňklenendigini habar berýär.

Owganystandaky etniki türkmen ýaşlarynyň problemalary

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň “Dünýä türkmenleri” atly gepleşiginiň bu günki sanyny bu wakadan ugur alyp we şol bir wagtyň özünde-de redaksiýamyza gelip gowuşýan hatlary nazarda tutup, Owganystandaky etniki türkmen ýaşlarynyň problemalaryna gönükdirýäris.

Demirgazyk Koreýa ABŞ-nyň soňky sanksiýalaryny 'uruş hereketi' atlandyrdy

Azathabar.com 

Demirgazyk Koreýa ABŞ-nyň öz režimini nyşana alýan soňky sanksiýasyny ýazgarmak bilen, Waşingtony Gyşky Olimpiada döwründe Günorta Koreýa bilen aradaky gatnaşyklarynyň gowulanmagyny bökdemek synanyşygynda aýyplady. Demirgazyk Koreýanyň resmi KCNA habar gullugynyň 25-nji fewralda çap eden beýanaty ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň adminstrasiýasynyň täze temmi beriş çärelerini yglan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi, ol çäreleriň Phenýana ýadro we ýarag programmalary sebäpli basyş görkezilmegini maksat edinýändigi aýdylýar. Читать дальше...

Hytaý prezidentiň iki möhlet saýlanmak çäklendirmesini aýyrmagy teklip edýär

Azathabar.com 

Hytaýyň Kommunist partiýasy şol bir prezidentiň wezipede iki möhletden artyk bolmazlygy baradaky kanun çäklendirmesini aýyrmagy teklip edýär, bu iş başyndaky prezident Si Jinpine 2023-nji ýyldan soň hem wezipesinde galmaga mümkinçilik berer. Bu habar 25-nji fewralda,“Xinhua” habar gullugy tarapyndan ýaýradyldy. “Xinhua” Kommunist partiýanyň konstitusiýadan Hytaýyň prezidenti we wise-prezidenti “yzygider iki möhletden kän bu wezipede galmaly däl” diýen sözleriň aýrylmagyny teklip edendigini habar berdi.

Fransuz, german we rus liderleri Siriýada ýaraşygy ýola goýmak barada gepleşer

Azathabar.com 

Fransuz prezidenti Emmanuel Makron we german kansleri Angela Merkel 25-nji fewralda rus prezidenti Wladimir Putin bilen Siriýada BMG-niň 30 günlük ýaraşygyny, ýagny atyşygy kesmegi ýola goýmak barada gepleşik geçirer diýip, Fransiýanyň prezident edarasy aýtdy. Bu gepleşikler telefon arkaly geçiriler we ol barada 24-nji fewralda, Howpsuzlyk geňeşi uruşdan tozan Siriýada ýaraşyk yglan etmäge biragyzdan ses berenden soň yglan edildi. Makronyň edarasy gepleşikleriň esasan “bu rezolýusiýany durmuşa... Читать дальше...

Orsýetliler öldürilen kreml tankytçysy Nemtsowy ýatlaýarlar

Azathabar.com 

25-nji fewralda Moskwada, Sankt-Peterburgda we beýleki şäherlerde atylyp öldürilen kreml tankytçysy, premýer-ministriň ozalky orunbasary Boris Nemtsowyň hormatyna demonstrasiýalar planlaşdyryldy. Onlarça şäherde planlaşdyrylan ýygnanyşyklar Boris Nemtsowyň Moskwanyň merkezinde atylyp öldürilen gününiň üç ýyllygyna gabatlandy. Nemtsowyň öldürilmegi halkara derejesinde ýazgaryldy we Kremle garşy durýan ýa ony tankytlaýan adamlaryň nähili howp-hatar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyna ýene bir gezek ünsi çekdi. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса