Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2018

Новости за 11.02.2018

Moskwanyň eteginde ýolagçy uçar heläkçilige uçrady, hiç kim diri galmady

Azathabar.com 

Uçaryň içinde 71 adamyň, şol sanda ekipaž agzalarynyň bolandygy we hiç kimiň aman galmandygy habar berilýär. Uçar heläkçiliginiň bolan ýerinde işleýän halas edijiler uçaryň bölekleriniň bir kilometr çemesi uzaklyga pytrandygyny aýdýarlar. Uçar gatnawynyň tertibine görä, 6W 703 reuse 11-nji fewralda sagat 14:00 Moskwadan Orsk şäherine uçmalydy. RIA-Nowosti habar agentligi uçaryň howa galansoň iki minutdan radarlardan ýitirim bolandygyny habar berdi. Uçarlaryň hereketini yzarlaýan FlightRadar24 websaýtyna görä... Читать дальше...

Täjigistanda garaşsyz žurnalistiň deslapky tussag möhleti uzaldyldy

Azathabar.com 

Deslapky tussag möhleti ýene bir iki aý uzaldylandan soň, adam hukuklaryny goraýanHuman Rights Watch (HRW) täjik häkimiýetleriniň tanymal žurnalist Haýrullo Mirsaidowy derhal azat etmegi baradaky çagyryşyny gaýtalady. “Täjigistandan şum habar: garaşsyz žurnalist Haýrullo Mirsaidowyň deslapky tussag möhleti ýene IKI AÝ uzaldyldy” diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän hukuk toparynyň Merkezi Aziýa boýunça ylmy barlagçysy Steve Swerdlow 10-njy fewralda twitterde ýazdy. “Ol bikanun tussag edildi we eýýäm iki aý bäri gözenegiň arkasynda otyr” diýip... Читать дальше...

Stokgolm hüjüminde aýyplanan özbek erkeginiň sudy 13-nji aprele bellendi

Azathabar.com 

39 ýaşyndaky özbek oturym soraýjysy 2017-nji ýylyň aprelinde Stokgolmda ganly ýük maşyny hüjümini amala aşyrmakda aýyplandy we 13-nji fewralda terrorizm aýyplamasynda suda barmaly edildi. Rahmat Akylow ýük maşynyny ogurlamakda we ony şwed paýtagtynda pyýadalar köçesinden barýan adamlaryň üstünden sürüp, bäş adamy öldürmekde güman edildi. Ol maý aýyna çenli dowam etjek sud seljerişliginde “terrorçylyk we terrorçylyga synanyşyk” aýyplamalarynda sud ediler.Hökümiň iýun aýynda çykarylmagyna garaşylýar. Читать дальше...

Azerbaýjanda ýene bir oppozision partiýa irki saýlawlary boýkot etdi

Azathabar.com 

Azerbaýjanyň oppozisiýadaky “Musawat” partiýasy 11-nji aprele bellenilen irki prezident saýlawlaryna gatnaşmaz diýip, partiýanyň başlygy Aryf Hajyly 10-njy fewralda aýtdy. “Musawat” Azerbaýjandaky esasy iki oppozisiýa güýjüniň biri bolup durýar. Beýleki partiýa, Demokratik Güýçleriň milli geňeşi hem 6-njy fewralda özüniň bu saýlawy boýkot etjekdigini aýtdy. Bu habarlar prezident Ylham Alyýewiň 5-nji fewralda saýlawlary ozalky senesinden, 17-nji oktýabrdan 11-nji aprele, bärik süýşürmek barada çykaran kararynyň yz ýanyna gabat geldi. Читать дальше...

BMG-niň başlygy Siriýadaky dartgynlyklary derhal gowşatmaga çagyrýar

Azathabar.com 

BMG-niň başlygy Antonio Guterriş, Ysraýyl Siriýa howa zarbalaryny uranyndan soň, 2011-nji ýyldan bäri raýat urşunyň gowgasyna gaplanan ýurtda derhal dargynlygy gowşatmaga, deskalasiýa çärelerini görmäge çagyrdy. BMG-niň sözçüsi Stefan Duýarriç 10-njy ferwaldaky beýanatynda Guterrişiň “Tutuş Siriýadaky harby dartgynlaşmany we bu ýadaýyň ýurduň serhetlerinden daşyna çogmak ähtimallygyny ýakyndan yzarlaýandygyny” aýtdy.  Sözçi Guterrişiň zorlukly ýagdaýlaryň ýüz berýän halatynda, şol sanda Ysraýylyň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса