Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2018

Azatlyga goýberilen özbek aktiwisti türmede gynalandygyny aýdýar

0
Özbegistanly žurnalist we adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwist türmede gynalandygyny aýdyp, demir gözenekleriň arkasynda dokuz ýyl geçirenden soň durmuşyny dowam etdirmegi umyt edýändigini belleýär.


56 ýaşydaky Dilmurod Saýýid 3-nji fewralda azatlyga goýberildi. Ol Özbegistanda öňki prezident Yslam Karimow aradan çykandan soň, Şawkat Mirziýoýew häkimiýet başyna geleni bäri azatlyga goýberilen we syýasy tussag diýlip hasaplanylan birnäçe adamyň biridir.


Saýýid Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda özüniň azatlyga goýberilmegi ugrunda tagalla eden aktiwistlere, žurnalistlere we adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlara minnetdarlygyny bildirdi.


“Dokuz ýylyň dowamynda men dürli basyşlary, şol sanda psihologik we fiziki gynamalary başdan geçirdim. Indi bularyň ählisi yzda galdy we men öz durmuşymy ýaşamaga, öz pikirlerimizi erkin beýan etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýip, Saýýid aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса