Demirgazyk Koreýanyň lideri Günorta Koreýanyň prezidentini duşuşyga çagyrýar
Bu koreý liderleriniň on ýyl içninde ilkinji duşuşyklarynyň gurulmak mümkinçiliginden habar berýär.
Kimiň aýal dogany Kim Yo Jong, Pýençaňdaky Gyşky olimpiada gatnaşmak üçin Günorta Koreýa sapara barmak bilen, Günorta Koreýanyň prezidentiniň Gök öýdäki rezidensiýasynda Moon bilen duşuşanda, öz agasynyň şahsy çakylygyny gowşurdy diýip, prezidentiň sözçüsi aýtdy.
Günorta Koreýanyň 9-njy fewralda başlan Oýunlara beýemçilik etmegi netijesinde dörän soňky maýylganlyk Demirgazyk Koreýanyň geçen ýyl öz ýadro we raketa programmalaryny tizleşdirmegine garaman geldi.
Kim Jong Un Moon bilen "irki duşuşykda” görüşmek isledi we Moon “geliň, munuň amala aşmagyna şert döredeliň” diýdi diýip, Gök öýüň sözçüsi Kim Eui-kyeom metbugat ýygnagynda aýtdy.
