Türkmenistan 'halkalaýyn energoulgamyny döretmek' isleýär
TDH-nyň maglumatyna görä, häzir ýurtda elektrik beketleriniň jemi 13 sanysy işleýär we "halkalaýyn energoulgamyny döretmek" planlaşdyrylýar.
Prezident Berdimuhamedow 2-nji fewralda Amangeldiýewe ýurtdaky elektrik üpjünçiliginiň ýaramazlygy sebäpli berk käýinç we soňky duýduryşyny berdi.
Bu duýduryş Azatlyk radiosynyň Daşoguzda, gyşyň aňzagynda sagatlap kesilýän elektrik togy baradaky habarynyň yz ýanyna gabat geldi.Hökümet mejlisindeýurduňelektrik stansiýalarynda geçirilýän beketlerindeabatlaýyş işleri barada hem maglumat berildi.
Şeýle-de prezidentiň energiýa ministriniň orunbasary Batyr Aşyrowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin işden boşadandygy habar berilýär.
Türkmenistanyň diňe regionlarynda däl, paýtagtynda hem elektrik togunyň wagtal-wagtal kesilmegi adaty zat hasaplanylýar.
