Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2018

Dört esgeri ýaralanan Ysraýyl iki palestinalyny öldürdi

0
Gaza zolagynda ysraýyl goşunynyň iki palestinalyny öldürendigi habar berildi, bu waka palestin territoriýasy bilen serhediň boýunda bir partlaýjy enjamdan dört sany ysraýyl esgeri ýaralanandan soň boldy.


Gaza medikleri 18-nji fewralda 17 ýaşyndaky iki palestinalynyň jesediniň özlerine gowşurylandygyny, olaryň gündogar Rafahada ysraýyl tanklarynyň okundan ölendigini aýtdylar.


Ysraýyl öten agşam, 17-nji fewraldaky partlamada dört esgeri ýaraly bolandan soň, Gazadaky Hamaz toparynyň yslamçy jeňçilerini nyşana alyp, howa zarbalary tapgyryny urdy.


Palestinanyň “Wafa” habar agentligi raketalaryň Gaza şäheriniň gündogarynda üç ýere urlandygyny we jaýlara zyýan ýetirendigini, emma hiç kimi ýaralamandygyny aýtdy.


Şeýle-de raketalaryň şäheriň gündogaryndaky Tuffah etrabynda ýerleşýän ferma düşendigi aýdylýar.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса