Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2018

TOP we TOPH proýektleri boýunça goşmaça dokumentlere gol çekildi

0
23-nji fewralda TOPH gaz geçiriji proýektiniň nobatdaky tapgyryna badalga berilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli guralan dabaranyň çäginde ylalaşyk dokumentlerine gol çekildi.


Türkmenistanyň, Owganystanyň hem-de Pakistanyň hökümetleriniň arasynda TOP elektrik geçirijisi barada hökümetara ylalaşygyna hem-de TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça kabul ediji döwletiň hökümeti bilen ylalaşygyň baş şertlerine gol çekildi diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berdi.


Neşiriň maglumatyna görä, Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga bermek, TOP ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat-Turgundy demir ýoluny ulanmaga bermek mynasybetli dabaralar geçirildi we olara degişli döwletleriň döwlet baştutanlary we ýokary derejeli resmileri gatnaşdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса