Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2018

Gani Talybana ‘geliň, Owganystany bilelikde guralyň’ diýdi

0
Owgan prezidenti Aşraf Gani parahatçylyk gepleşiklerine ýol açyp biljek prosesiň bölegi hökmünde “Talybany” kanuny syýasy topar diýip ykrar etmegi teklip etdi.


Gani bu barada “Kabul prosesi” diýlip atlandyrylýan duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň we guramalaryň konferensiýasynda mälim etdi. Bu konferensiýada ýurtda 16 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän urşuň soňuna ýetmek maksady bilen gepleşikler üçin platforma döretmek niýetlenýär.


“Talyban liderleri we onuň ähli agzalary, bu karar siziň eliňizde. Parahatçylygy kabul ediň, gepleşikler üçin bir stoluň daşyna üýşüň we bize bu ýurdy bilelikde gurmaga rugsat beriň” diýip, Gani aýtdy.


Şeýle-de, ol söweşijilere ok atyşygy bes etmegi, tussaglary boşatmagy, pasportlary, Kabulda ýa-da ylalaşylan başga bir ýerde ofisleri açmagy we sanksiýalaryň ýatyrylmagyny teklip etdi.


Owgan prezidenti Talyban bilen gelinjek ylalaşygyň bir bölegi hökmünde konstitusiýany gözden geçirmegi kabul etmäge taýýardygyny hem sözüniň üstüne goşdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса