Kuba ýurduň sowet döwründe ýazylan konstitusiýasyny täzeden ýazýar
Kubanyň parlamenti 2-nji iýunda häzirki prezident Miguel Diaz-Kanel bu kanuny täzeden ýazmak baradaky çagyryşyny tassyk etdi.
Resmiler konstitusiýanyň deslapky taslamasynyň ýazylmandygyny aýtdylar. Täze baş kanunyň soňky ýyllardaky bazar reformalaryny, şeýle-de syýasy edaralarda işlemegiň çäklendirilen möhletleriniň girizilmegini öz içine almagyna garaşylýar.
Emma muňa garamazdan, ekspertler syýasy azatlyklaryň has giňeldilmegine garaşylmaýandygyny, Kastronyň ýurduň bir partiýaly sistemasyny üýtgetmegi oňlamaýandygyny aýdýarlar.
86 ýaşyndaky Kastro aprelde, öz dogany Fideliň onýyllyklara uzan dolandyryşyndan soň iki möhlet prezident bolup, häkimiýeti Diaz-Kanele tabşyrdy.
