Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2018

Новости за 24.06.2018

Saudlylaryň ýokary dini häkimiýeti aýallaryň maşyn sürmek gadaganlygynyň soňlanmagyny gutlaýar

Azathabar.com 

Saud Arabystanynyň ýokary dini häkimiýeti 24-nji iýunda, aýallar musulmanlaryň köplük bolup ýaşaýan patyşalygynda alnyp barylýan liberallaşmanyň çäginde maşyn sürüp başlanlaryndan birnäçe sagat soň,aýal-gyzlaryň awtoulag sürmegine girizilen we onlarça ýyl dowam eden gadaganlygyň soňlanmagyny gutlady. Uly alymlaryň geňeşi, döwlete tarapdar gurama aýallara maşyna sürmäge rugsat berýän patyşa kararynyň jemgyýetiň bähbidinedigini aýtdy. Patyşa Salman 2017-nji ýylyň sentýabrynda, saudly aýallaryň... Читать дальше...

Ukrainada romalylara edilen hüjüm bilen bagly ýedi adam saklandy

Azathabar.com 

Ukrain polisiýasy günbatar Ukrainada, Lwowyň etegindäki tokaýda romalylaryň lagerine edilen ganly hüjüm bilen baglylykda ýedi adamyň tussag edilendigini aýdýar. Häkimiýetler 23-nji iýunda ýarygijeden öň ýüzi perdeli adamlaryň topary tarapyndan edilen hüjümde Riwine şäheriniň golaýyndaky obadan 24 ýaşly romaly öldürildi. Polisiýa hüjüm mahalynda pyçak ýarasyny alan adamlaryň, şol sanda 10 ýaşly oglanyň, iki sany 19 ýaşly ýigidiň, 30 ýaşly aýalyň hassahana ýerleşdirilendigini aýtdy. Bu günbatar... Читать дальше...

Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi şaýy ruhanysy Muktada al-Sadr bilen ýaran boldy

Azathabar.com 

Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi we täsirli şaýy ruhanysy Muktada al-Sadr özleriniň maýda geçen saýlawlardan soň täze hökümet düzmek tagallasynyň çäginde syýasy koalisiýa gurmak babatda ylalaşyga gelendiklerini yglan etdiler. Olar bu koalisiýany 23-nji iýunda, premýer-ministr ruhany bilen duşuşmak üçin Najap şäherine sapar edeninden soň çap eden bililikdäki beýanatlarynda yglan etdiler. Sadryň syýasy blogy, kommunistleri hem öz içine almak bilen, parlament saýlawlarynda 54 orun gazandy... Читать дальше...

Yrak Siriýadaky howa zarbasynda 45 jeňçini öldürendigini aýdýar

Azathabar.com 

Yragyň harbylary gündogar Siriýa urlan howa zarbasynda “Yslam döwleti” toparynyň 45 söweşijisiniň, şol sanda uly liderleriniň öldürilendigini aýdýar. Harbylaryň beýanatynda Yragyň F-16 söweş uçarlarynyň 22-nji iýunda Siriýanyň gündogaryndaky Deir Ezzor welaýatynyň Häjin şäherinde, yrak serhediniň golaýynda “YD liderlerini nyşana alýan şowly zarbalary urandygy” aýdylýar. Harbylar howa zarbasynda öldürilen söweşijileriň arasynda YD toparynyň “uruş ministriniň orunbasarynyň”, media resmileriniň biriniň... Читать дальше...

Tramp Putin bilen "uzaga çekmän" duşuşjaga meňzeýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo prezident Donald Trampyň rus prezidenti Wladimir Putin bilen “uzaga çekmän duşuşjaga” meňzeýändigini aýdýar.  Ak tam 21-nji iýunda milli howpsuzlyk geňeşçisi Jon Boltonyň indiki hepde duşuşyk ideýasyny öwrenmek üçin Moskwa sapar etjekdigini yglan etdi. Pompeo 23-nji iýunda efire berlen MSNBC söhbetdeşliginde Trampyň öz rus kärdeşi bilen Boltonyň Moskwa saparyndan soň gaty kän uzaga goýman duşuşjakdygyny aýtdy. Pompeo Birleşen Ştatlar “biziň ugurdaş bähbitlerimiziň bar ýerlerini tapmaga... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса