Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2018

Новости за 22.06.2018

Gytçylygyň fonunda hökümetçi websaýt ‘bolçulykdan’ söz açýar, özbek TW-si ‘çörek nobatlary’ hakda reportaž taýýarlady

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan türkmenistanlylar ýurtda dowam edýän gytçylykdan şikaýat edýän wagty, türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan bir websaýt Türkmenistanda azyk-haryt bolçulygynyň dowam edýändigini aýdyp, 20-nji iýunda maglumat çap etdi. Onuň ertesi güni, 21-nji iýunda Özbegistanyň döwlet telewideniýesi türkmen ykdysadyýetindäki kynçylyklar barada taýýarlanan reportažy efire berdi.

​​Türkmen ombudsmeniniň ilkinji hasabaty çap edildi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň ilkinji hasabaty çap edildi.    Читайте также на русском Sekiz bapdan ybarat hasabat adam hukuklary boýunça milli kanunlarda göz öňünde tutulan düzgünleri we hasabat berilýän döwürde edilen işleriň hem raýatlaryň ýüzlenmeleriniň analizini öz iiçne alýar diýlip, resmi maglumatda bellenýär.     Milli metbugatda cap edilen hasabatyň doly görnüşinde ýurduň milli kanunlarynda we ýurduň öz üstüne alan halkara borçnamalarynda göz öňünde tutulan sosial-ykdysady... Читать дальше...

Russiýa Siriýadaky himiki hüjüm bilen baglylykdaky hasabatdan öň, ABŞ-ny tankytlady

Azathabar.com 

Russiýa ABŞ-ny we onuň ýaranlaryny delilleri galplaşdyryp, Siriýa hökümetini parahat ilata garşy himiki ýaraglary ulanan ýaly edip görkezmekde aýyplady. Russiýanyň goranmak ministrlginiň resmisi, radiasiýa, himiki we biologiki goranyş güýçleriniň kommandiri Igor Kirillow 4-nji aprelde Siriýanyň Khan Şaýkhun şäherine amala aşyrylandygy aýdylýan hüjümiň “[Siriýanyň kömek topary] Ak Kaskalar we olaryň howandarlary tarapyndan edilen prowokasiýa bolandygyny” aýdyp, çykyş etdi. Günbatar ýurtlary we... Читать дальше...



ABŞ senatorlary Türkiýä F-35 uçarynyň ugradylmagynyň öňüni aldylar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň senatorlary F-35 kysymly harby uçarlaryň Türkiýä ugradylmagynyň öňüni eýýäm ikinji gezek aldylar. Senatorlar Ankaranyň Moskwa bilen S-400 howa hüjüminden goranyş ulgaymyny satyn almak baradaky baglaşan ylalaşygyndan çekilmegini soraýarlar. Türkiýe bilen Russiýa bu ylalaşygy 2016-nji ýylda baglaşypdylar. Munuň yz ýany, Waşington we onuň NATO ýaranlary, rus ýaraglarynyň Ýaranlygyň we ABŞ-nyň harby serişdeleri bilen utgaşmaýandygyny aýdyp, bu herekete aladalanma bildiripdiler. “F-35 NATO-nyň iň döwrebap harby uçarydyr. Читать дальше...

Türmä höküm edilen krymly tataryň ejesi açlyk yglan etdi

Azathabar.com 

Russiýada terrorizm aýyplamalarynda türme tussaglygyna höküm edilen krym tatarynyň ejesi, oglunyň azat edilmegine çagyryp, açlyk çekmäge başlandygyny mälim etdi. Raýime Primowa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde açlyga çarşenbe güni başlandygyny aýtdy. Ol mundan öň, ogly Nuri Primowyň azat edilmegini sorap, Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugyna arza ýollandygyny hem belledi. Primowa bu günler diňe suw içýändigini hem sözüne goşdy. Nuri Primow Russýanyň basyp alan Krym ýarymadasynda, ýurtda... Читать дальше...

Türkiýede söweşiji bolmakda güman edilen 14 adam tussag edildi

Azathabar.com 

Türkiýe 24-nji iýunda geçirilmeli ählihalk saýlawlarynyň dowamynda terroristik hüjümleri planlaşdyran, “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň söweşijisi bolmakda güman edilýän 14 adamyň tussag edilendigini mälim etdi. Polisiýa tussag edilenleriň ählisiniň daşary ýurtlydygyny, şeýle-de olaryň anna güni irden geçirilen operasiýasynyň dowamynda ele salnandygyny habar berdi. Planlaşdyrylan hüjümler barada maglumat berilmedi. 2015-nji we 2016-njy ýyllarda Türkiýede terroristik hüjümleriniň ençemesi amala aşyrylypdy. Читать дальше...

Gazagagystanda “Telegramyň” eýesi Durow sylaglandy

Azathabar.com 

Gazagystanyň Žurnalistler Geňeşi rus telekeçisi Pawel Durowy, onuň “Telegram” mesenjer tilsimi bilen rus resmileriniň arasyndaky uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän gapma-garşylygy babatyndaky duruşy üçin, sylaglady. Geňeş Durowyň “senzura we hökümetiň raýatlaryň internetde erkin habarlaşlamagyna täsir etmek synananyşyklary babatyndaky prinsipial pozisiýasy üçin” özüniň ýyllyk baýragy bilen sylaglandygyny mälim etdi. “Telegramyň” esaslandyryjysy we eýesi Durow rus howpsuzlyk gulluklarynyň tilsimi... Читать дальше...

Lukaşenka ‘dostlukly’ Belarus-ÝB gatnaşyklaryny öwdi

Azathabar.com 

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka öz ýurdy bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň gowulanmagyny gutlady. Lukaşenka bu barada Minksde Ýewropanyň goňşuçylyk syýasaty we giňelme gepleşikleri boýunça komissary Ýohannes Han (Johannes Hahn) bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda çykyş etdi. “Demokratiýa, söz azatlygy, syýasy tussaglar, ölüm jezasynyň ýatyrylmagy ýaly meseleler, elbetde, möhümdir. Biz bu meseleleri gün tetibine getirip, olary açyk bir görnüşde maslahat edýäris” diýip, belarus prezidenti belledi. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Саснович пробилась во второй раунд турнира WTA-1000 в Риме






Москва и Ереван пока не сжигают мосты

В Казани завершил работу военно-спортивный сбор «Наследники Победы»

МИД Японии выразил обеспокоенность заявлением Москвы о боевой готовности ядерных сил

Уроженец Кировской области с позывным Струна стоял на параде рядом с Путиным