Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2018

Новости за 06.06.2018

Hökümet daşary ýurtlardaky ‘köne pasportly’ türkmenistanlylara ‘geçirimlilik eder’ diýilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Migrasiýa hakyndaky kanunyny bozup, ýurda girip-çykmak üçin zerur bolan biometriki pasporty wagtynda almazdan, köne pasportlary bilen uzak wagtdan bäri daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlaryna Türkmenistanda döwlet derejesinde geçirimlilik ediljekdigi, olar ýurda dolanan halatynda hiç hili jogapkärçilige çekilmejekdikleri habar berilýär.

Makron Eýranyň uran baýlaşdyrmak plany sebäpli “konflikt” ähtimallygyny duýdurýar

Azathabar.com 

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Eýran, Birleşen Ştatlaryň dünýä döwletleri bilen giren ýadro ylalaşygyndan çykmak karary sebäpli, uran baýlaşdyrmak kuwwatyny artdyrmak planlaryny yglan edeninden soň “konflikt” ähtimallygyny duýdurýar.  Makron 5-nji iýunda Parižde, Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu bilen beren metbugat ýygnagynda “hemmeleri ýagdaýy durnuklaşdyrmaga hem-de diňe bir zada – konflikte eltip biljek gižželemelere berilmezlige” çagyrdy. Ol Eýranyň öz ýadro infrastrukturasyny... Читать дальше...

Gazagystanda meningit keselinden 13 adam öldi

Azathabar.com 

Gazagystanyň günorta sebitlerinde soňky aýlarda meningitden, beýni we oňurga ýiliginiň çişmeginden 13 adam öldi diýip, Merkezi Aziýa ýurdunyň Saglyk ministrligi 6-njy iýunda habar berdi. Ministrlik Almatyda, Kyzylordada, Günorta Gazagystan regonlarynda jemi 59 adamyň, şol sanda 14 ýaşdan aşakdaky 21 çaganyň meningit bilen keselländigini aýtdy. Ölüm hadysalarynyň iň soňkusy 5-nji iýunda, Taldykorgan şäherinde ýogalan 17 ýaşly oglanyň ölümi bilen hasaba alyndy.  Ministrlik ýagdaýyň gözegçilik astyndadygyny aýdýar.

Bütindünýä banky Türkmenistanda ykdysady ösüşiň ýokarlanjagyny çaklaýar

Azathabar.com 

Bütindünýä banky Türkmenistanda ykdysady ösüşiň depginini ýokarlandyryp, 2018-nji ýylda ony 6,3 prosente galdyrdy. Bu barada bankyň “Global ykdysady perspektiwalar” hasabatynda habar berilýär.  Bankyň ekspertleriniň maglumatyna görä, 2019-2020-nji ýyllarda türkmen ykdysadyýetiniň ösüşi 6,3 prosente çenli ýokarlanar. Bütindünýä banky 2017-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önüm ösüşiniň 6,5 prosent boljagyny çaklapdy. Mälim bolşy ýaly, bank ekspertleri öz çaklamalrynda Türkmenistanyň beren resmi sanlaryna esaslanýarlar. Читать дальше...

Meşhur gyjakçy Annageldi Jülgäýew 89 ýaşynda aradan çykdy

Azathabar.com 

Meşhur türkmen gyjakçysy Annageldi Jülgäýew 2-nji iýunda, 89 ýaşynda aradan çykdy. Annageldi Jülgäýew ussat sazanda, otuzdan gowrak adym-saz döreden kompozitor hem sazandalar toparyna ýolbaşçylyk eden dirižor hökmündeTürkmenistanda uly meşhurlyk gazandy. Ol saz çalmakdan we saz döretmekden başga, ýaş sazandalaryň halypasy hökmünde hem giňden tanaldy, Türkmen döwlet konserwatoriýasynyň professory boldy. Annageldi aganyňhalk sazlaryny gyjak arkaly ýekelikde çalyp bilmegi türkmen sungaty üçin täze ugur hasaplanylýar. Читать дальше...

"Ynanmaryn pulum bar ýa ýoguna"

Azathabar.com 

Yrnamaryn pulum bar ýolguna Pikir edýän bu gün berse, ertirim Viza kartym bereweri ertirem Gurbanguly diýer indiki aýa ýetirer Adalatyň bumy kartym Ne okuw pulumy tölediň Käwagt çörek pul berdiň Ony hem dogry bermediň Ýakynlary haramlap döwranyn sürse Halk hem agyr işläp, iýjegin tapsa Lukmanlar hökümet başyna gelse Döwlet ýagdaýynyň boljagy şudur Gurluşyk işkäriniň aperassiýa edip bilmejegi ýa-da diş soguryp bilmejegi ýaly Lukman hem döwlet dolandyryp bilmez Habarda bermek... Читать дальше...

Eýran Türkmenistany tranzit ýükleri üçin gümrük paçlaryny ýatyrmaga çagyrýar

Azathabar.com 

Eýranyň ýollara we ulaglara gözegçilik edýän guramasynyň başlygy Abdolhaşem Hassaniýa Türkmenistanyň ilçisi Ahmet Gurbanow bilen duşuşyk mahalynda Aşgabadyň bir taraply ýagdaýda Eýranyň ýük maşynlary üçin gümrük paçlaryny ýokarlandyrmagyndan nägilelik bildirdi diýip, Eýranyň IRNA habar gullugy 4-nji iýunda habar berdi. Hassaniýan gümrük paçlarynyň 50 prosent ýokarlandyrylmagynyň iki ýurduň arasyndaky tranzit gatnawynyň kemelmegine getirjekdigini aýdyp, Türkmenistany bu paçlary ýatyrmaga çagyrdy. Читать дальше...

Häkimiýetler Orsýetiň we ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanalaryna barýan adamlary soňra ‘gürrüňdeşlige’ çagyrýar

Azathabar.com 

Daşary ýurtlara ýaşamak üçin göçüp gitmäge isleg bildirýän türkmenistanlylaryň sany ýokary bolmagynda galýar. Türkmen häkimiýetleri Orsýet, Birleşen Ştatlary ýaly ýurtlaryň Aşgabatdaky ilçihanalarynyň binalarynyň gabatlarynda garawullyk edip, ol ýerde dürli meseleler boýunça agzalýan ilçihanalara ýüz tutýan raýatlaryň käbirlerini polisiýa bölümlerini äkidýärler we olar bilen gürrüňdeşlik geçirýärler.


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Александр Зверев

Александр Зверев раскритиковал график соревнований в туре






MK.ru: рабочий погиб на стройке в Москве из-за рухнувшего стеклопакета

Путин в поздравлении Лукашенко передал слова признательности ветеранам Белоруссии

В Москве задержали дважды судимого блогера, оскорблявшего пенсионерок на видео

Участница парада Победы потеряла туфельку во время шествия в Перми