Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2018

Gyrgyz sudy üç oppozision syýasatçynyň tussaglyk möhletini gysgaltdy

0
Gyrgyzystanda uly seslenme döreden sud işinde ýurduň Ýokary sudy üç oppozision syýasatça garşy bildirilen aýyplamalary öz güýjünde saklady, ýöne olaryň tussaglyk möhletlerini kemeltdi.


7-nji iýunda geçirilen sud diňlenişiginde Bektur Asanowyň we Kubanyçbek Kadyrowyň tussaglyk möhletleri 12 ýyldan sekiz ýyla gysgaldyldy. Ernest Karybekowyň türme tussaglygy 20 ýyldan alty ýyla kemeldildi.


Gürrüňi edilýän üç tussag, Internetde olaryň sesine meňzeş adamlaryň hökümeti agdarmak baradaky gepleşikleri peýda bolansoň, 2016-njy ýylyň mart aýynda tussag edildi.


Asanow tussag edilmezinden öň Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda audio ýazgynyň galplaşdyrylandygyny we onuň “oppozisiýany garalamaga synanyşmak” maksady bilen Internetde çap edilendigini aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса