Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2018

Owganystanda parlament agzasynyň öýüne edilen hüjümde 3 adam öldürildi

0
Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda jeňçiler kanun çykaryjynyň öýüne hüjüm edip, üç adamy öldürdiler, emma halk wekili o mahal öýünde däldi diýip, owgan resmisi aýtdy.


Welaýat gubernatorynyň sözçüsi Ataullah Khogýani 8-nji iýunda welaýat paýtagty Jelalabatda hüjüm edilen öýüň parlament agzasy Feridon Momandyň jaýy bolandygyny aýtdy.


Şeýle-de ol öýi goraýan howpsuzlyk ofiseriniň, bu jaýdaky bir aýal bilen onuň adamsynyň öldürilendigini, bäş adamyň bolsa ýaraly bolandygyny gürrüň berdi.


Khogýani janyndan geçen bombaçynyň öz partlaýjylaryny partlatmanka öldürilendigini, ýene bir ýaragly adamyň bolsa howpsuzlyk güýçleri bilen atyşykda öldürilendigini sözüne goşdy. 

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса