Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2018

Normand topary Ukrainadaky konflikti maslahat eder

0
Germaniýanyň, Fransiýanyň, Orsýetiň we Ukrainanyň daşary işler ministrleri gündogar Ukrainadaky konflikti maslahat etmek üçin 11-nji iýunda Berlinde duşuşarlar.


“Normand formatynda” geçirilýän gepleşiklerde maslahat ediljek temalaryň arasynda BMG-niň parahatçylygy dörediji missiýasyny konflikt zonasynda ýerleşdirilmek meselesi hem görkezilýär.


BMG-niň parahatçylygy dörediji missiýasynyň gündogar Ukrainada ýerleşdirilmegini taraplary ählisi goldaýar, emma missiýanyň ygtyýarlygyna degişli meselede gapma-garşylyk saklanýar.


Germaniýa we Fransiýa missiýanyň orsýetçi separatistler tarapyndan goldanýan ähli regionlarda, şol sanda Ukrainanyň Orsýet bilen serhedinde ýerleşdirilmegini isleýärler. Orsýet muňa garşy çykýar.


2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri günorta Ukrainada orsýetçi separatistleriň we hökümet güýçleriniň arasynda bolan söweşlerde 10 300-den gowrak adam wepat boldy.


Şu çaka çenli ok atyşygy doly bes etmek boýunça synanyşyklar başa barmady.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса