Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2018

Türkmenistan BMG-niň abraýly ykdysady geňeşiniň agzalygyna saýlandy

0
Türkmenistan 2019-2021-nji ýyllarda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlandy.


Bu karar 13-nji iýunda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde kabul edildi. 


1946-njy ýyldan döredilen Ykdysady we Durmuş geňeşi (EKOSOS) BMG-niň esasy düzümi bolup, ykdysady we durmuş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de agza döwletler üçin maslahatlary işläp taýýarlamak üçin merkezi forum bolup hyzmat edýär.


BMG-niň ähli serişdeleriniň 70 göterimden gowragy Geňeşiň ygtyýarynda diýip, TDH ýazýar.


54 döwlet durýan geňeş Baş Assembleýa tarapyndan üç ýyllyk möhlet bilen saýlanylýar.


EKOSOS-nyň işi ykdysady hem-de durmuş ösüşine,ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, saglygy goraýyş, medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyga, adam hukuklaryna hem-de onuň esasy azatlyklaryna hormat goýmak üçin şertleri döretmäge ýardam bermekden ybaratdyr. 


Türkmenistan bu geňeşe ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň barha çuňlaşýan, işsizligiň artýan we ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesiniň barha peselýän wagtynda kabul edildi. Emma muňa garamazdan, türkmen mediasy bu habary resmi Aşgabadyň halkara abraýynyň barha artmagy, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň diplomatik strategiýasynyň üstünligi hökmünde düşündirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса