Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2018

Eýran Ýadro ylalaşygy ýatyrylsa, ýerli telekçilere ‘uly zyýanyň’ ýetjekdigini aýdýar

0
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif ýerli telekeçilere ýüzlenip, eger-de 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygy ýatyrylsa, munuň ýurt üçin “örän erbet netijeleriniň boljakdygyny” aýtdy.


“Biz ylalaşyk barada gepleşikleri geçirip bileris. Emma, bu şowsuzlyga uçraýsa, munuň biziň ýurdumyz üçin örän agyr netijeleri bolar” diýip, Zarif Tähranda telekeçiler bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda çykyş etdi.


Zarif ýetip biljek zyýanyň jikme-jikleri barada hiç zat aýtmady. Emma, ol munuň netijesinde Eýranyň syýasy taýdan izolýasiýa düşmeginiň mümkindigini belledi.


Maýda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň ýadro ylalaşygyndan çekilipdi. Bu ylalaşygyň şertlerinde laýyklykda, Eýran özüne garşy girizilen sanksiýalaryň gowşadylmagynyň deregine, özüniň ýadro programmasyndna el çekmelidi.


Tramp ylalaşygyň şertlerinden, şeýle-de Eýranyň ballistik raketalarynyň synaglaryny geçirmegini dowam edýändiginden we Ýakyn Gündogardaky söweşijileri goldamagyndan hoşal däldigini mälim edipdi.


Eýran sebitäki jeňçileri goldamaýandygyny we özüniň ýadro programmasynyň diňe raýat maksatly programmalara gönükdirilendigini aýdýar.


Ylalaşyga Britaniýa, Fransiýa, Germania, Hytaý we Russiýa hem gol goýupdylar. Olar ylalaşygyň saklanyp galmagynyň tarapynda çykyş edýärler.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса